Meni özüň bilen alaý, howlugaly. Şazadam meni içki otagyna getirdi. Seniň üçin şatlanaly we guwanaly; şerapdanam zyýada taryplaly seniň yşkyňy. Sen olaryň söýgüsine mynasyp!
Ony tapyp, Antiýoha getirdi. Şeýdip, Barnap bilen Şawul bir ýyllap ol ýerdäki ýygnaklary bir ýere toplap, köp adamlara taglymat öwretdiler. Şägirtlere ilkinji gezek Antiýoh şäherinde «mesihiler» diýlip at berildi.
Men bir sinagogadan beýlekisine aýlanyp, olary gaýta-gaýta jezalandyrdym, imandan dänmäge mejbur etdim. Olara garşy gahar-gazaba münüp, hatda keseki şäherlere çenli olary yzarladym.
Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.