Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Pukara dogan Hudaýyň nazarynda özüniň baýlygy bilen buýsansyn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Пукара доган Худайың назарында өзүниң байлыгы билен буйсансын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 1:9
25 Iomraidhean Croise  

Meniň janym Saňa mäkäm ýapyşýar, Seniň goluň meni goldaýar.


Garyby ýaňsylaýan Ýaradany kemsidýändir, betbagtlyga şatlanýan bolsa jezasyz galmaz.


Egri dilli akmakdan, sadyklykda gezýän garyp gowudyr.


Pukaralar ýene Rebde şatlyk taparlar, mätäçler Ysraýylyň Mukaddesinde galkynarlar.


Hökümdarlary tagtyndan düşürip, pespäl adamlary beýgeltdi.


Şeýle hem siz erbet ruhlaryň özüňize boýun bolmagyna däl-de, atlaryňyzyň gökde ýazylmagyna begeniň» diýdi.


Özüni ýokary tutýan adam peseldiler, pes tutýan bolsa beýgeldiler».


Onsoň olara: «Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir. Araňyzda kim hemmeden pes bolsa, iň beýik şoldur» diýdi.


Şeýlelikde, perzentleri bolan bolsak, onda mirasdüşeridiris. Hudaýyň mirasdüşerleri bolýan bolsak, onda Isa Mesihiň hem mirasdaşlarydyrys. Biz Isa Mesihiň gören görgülerine şärik bolýan bolsak, onda Onuň şan-şöhratyna hem şärik bolarys.


ynjatsalar-da, elmydama şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zadymyz bolmasa-da, ähli zada eýediris.


Ýer ýüzünde hemişe ýeter-ýetmezler bolar. Şonuň üçin hem, men size: „Ýerleriňizde ýaşaýan garyplara we mätäç ysraýyl doganlaryňyza eliňiz giňden açyk bolsun“ diýýärin.


Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerindäki galalarda ysraýyl doganyňyzyň biri mätäçlik çekse, doňýürek bolmaň, zada mätäç doganyňyz üçin eliňizde baryny aýamaň.


Seresap boluň, kalbyňyzda erbet pikir bolmasyn. Siz: „Ýedinji ýyl – karz geçiş ýyly golaý“ diýip, açgözlük edip, mätäç ysraýyl doganyňyza hiç zat bermän goýmaň. Ýogsam, doganyňyz siziň garşyňyza Rebbe dady-perýat eder we siz ýazykly bolarsyňyz.


Men Hudaýyň Isa Mesih arkaly göklerdäki ýaşaýşa çagyrýan baýragyny almak üçin, maksadyma tarap ylgaýaryn.


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


„Men seniň muşakgatlaryňy we garyplygyňy bilýärin, aslynda welin sen baýsyň! Men özlerini ýahudy saýýanlaryň saňa dil ýetirýändiklerini hem bilýärin. Ýöne olar ýahudylar däl-de, şeýtanyň üýşmeleňidir.


Reb garyby aýak astyndan göterýär, mätäji serdarlaryň hataryna goşýar, zibilhanadan çykaryp, Reb ony hezzet tagtynda oturdýar, çünki Ýeriň sütünleri Rebbiňkidir, dünýäni şolaryň üstünde bina eden Oldur.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan