Ylýas bütin halka golaý gelip, şeýle diýdi: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Reb Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň». Halk oňa hiç hili jogap gaýtarmady.
Şeýdip, bu milletler hem Rebbe, hem oýulyp ýasalan butlaryna sežde etdiler. Ata-babalary näme eden bolsalar, ogullary-da, nesilleri-de tä şu güne çenli şolaryň edenlerini gaýtalap gelýärler.
Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar.
Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.
Olaryň zynadan gözleri doýmaýar, hiç wagt günäni bes etmeýärler. Olar durnuksyz kişileri duzaga düşürip azdyrýarlar. Olaryň kalby açgözlüge ýugrulyp, näletlenen adamlardyr.
Ol ähli hatlarynda şular barada gürrüň açýandyr. Olarda ýazylanlaryň käbirine düşünmek kyndyr. Nadan hem durnuksyz adamlar bu ýazylanlary we beýleki Mukaddes Ýazgylary ýoýmak bilen özleri heläk bolýarlar.