7 Şeýle adam Rebden bir zat alaryn öýtmesin.
7 Шейле адам Ребден бир зат аларын өйтмесин.
Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.
Erbetleriň gurbanlygy ýigrenjidir, eger ol ýaman niýet bilen getiren bolsa, ondanam beterdir.
Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr.
Emma ol adam şübhelenmän iman bilen dilesin, sebäbi şübhelenýän adam edil ýeliň eýläk-beýläk çaýkaýan deňiz tolkuny ýalydyr.
Ol her bir edýän işinde durnuksyz hem ikigöwünlidir.
Diläniňizde-de, hiç zat almaýarsyňyz, sebäbi ýaman niýet bilen, öz nebsiňizi doýurmak üçin dileýärsiňiz.