Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 1:6 - Mukaddes Kitap

6 Emma ol adam şübhelenmän iman bilen dilesin, sebäbi şübhelenýän adam edil ýeliň eýläk-beýläk çaýkaýan deňiz tolkuny ýalydyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Эмма ол адам шүбхеленмән иман билен дилесин, себәби шүбхеленйән адам эдил елиң эйләк-бейләк чайкаян деңиз толкуны ялыдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 1:6
14 Iomraidhean Croise  

Suw kimin durnuksyzsyň sen, indiden beýläk mertebäň belende galmaz seniň, çünki sen öz ataň düşegine geçip, ony harama çykardyň.


Petrus Oňa jogap berip: «Agam, bu Sen bolsaň, maňa buýruk ber, suwuň ýüzünden ýöräp, ýanyňa baraýyn» diýdi.


Tur, aşak düş, ikirjiňlenme-de, olar bilen git. Olary Men ýolladym» diýdi.


Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys.


Şoňa görä-de, erkekleriň gaharlanman, jedelleşmän, ähli ýerde ellerini galdyryp, päk ýürekden doga-dileg etmeklerini isleýärin.


Indi ykrar eden umydymyzy ikirjiňlenmän berk saklalyň, çünki wada beren Hudaý ynamdardyr.


Iman etmeýän adam hiç wagt Hudaýy hoşnut edip bilmez. Hudaýa ýakynlaşan adam Onuň barlygyna we Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna ynanmalydyr.


Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.


Şeýle adam Rebden bir zat alaryn öýtmesin.


Iman bilen edilen doga-dileg näsaga şypa berer, Reb ony aýaga galdyrar. Eger ol günä gazanan bolsa, onuň günäsi geçiler.


Bu adamlar bolsa gurap galan çeşmedir, güýçli ýeliň kowýan ümrüdir; dowzahda garaňky tümlük şolar üçin saklanýandyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan