Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 1:5 - Mukaddes Kitap

5 Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Эгер кимде даналык кемлик эдйән болса, гой, ол Худайдан дилесин. Хеммелере биминнет ве җомартлык билен берйән Худай оңа хем берер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 1:5
31 Iomraidhean Croise  

Hudaýyň Reb seni Ysraýyla hökümdar goýanda, Onuň kanunyny berjaý ederiň ýaly, goý, Reb saňa akyl-paýhas bersin.


Indi şu halky dolandyrmagym üçin maňa danalyk hem bilim ber. Kim Seniň bu beýik halkyňy dolandyryp biler?»


Eý, hileli dil, sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri!


Men ony Öz Ruhum bilen doldurdym. Her dürli senet işinde Men oňa ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdim.


Şeýle hem, Besalel bilen işlär ýaly, Men dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaby hem saýladym. Men ähli ökde ussalara-da ukyp berdim. Şeýlelikde, olar Meniň saňa buýran şu ähli zatlarymy ýasasynlar:


Meni söýýänleri söýýärin, meni yhlas bilen agtarýanlar tapýarlar.


Isa käbir şäherlerde köp gudratlar görkezse-de, olaryň halky günälerine toba etmändiler. Şonuň üçin Isa olary ýazgarmaga başlady:


Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň tekepbirdigi üçin olara käýedi. Sebäbi olar Onuň direlendigini gören adamlara ynanmandylar.


Atam Ogly arkaly şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin.


Mende mesgen tutup, sözlerimi ýüregiňizde saklasaňyz, näme dileseňiz, size berler.


Isa oňa: «Sen Hudaýyň peşgeşini we özüňden suw diläniň kimdigini bilsediň, özüň Ondan suw dilärdiň, Ol-da saňa ýaşaýyş suwuny bererdi» diýdi.


Biz heläkçilik ýolundan barýanlar üçin ölüm ysy bolsak, gutulyş ýolundan barýanlar üçin ýaşaýyş müşki-anbarydyrys. Beýle işiň hötdesinden geljek asla ýokdur!


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Emma gökden inen danalyk ilki bilen päklikdir, soňra parahatlyk söýüjilikdir, mylaýymlyk we özara ylalaşyklykdyr. Ol merhemetden we haýyrly işlerden doludyr. Şeýle danalyk tarapgöýlik we ikiýüzlülik etmeýär.


Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir.


Ondan näme dilesek alarys, sebäbi biz Onuň buýruklaryny berjaý edip, Ony hoşnut edýän işleri edýändiris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan