Isa oňa söýgüden doly mähir bilen seredip: «Seniň ýekeje kemiň bar. Git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.
Men olardadyryn, Sen bolsa Mendesiň. Meni Seniň iberendigiňi, Meni söýşüň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä biler ýaly, olar bütewi birlikde bolsunlar.
Hawa, biz danalygy kämilleriň arasynda wagyz edýäris. Biziň wagyz edýän danalygymyz bu eýýamyň ýa-da dünýädäki wagtlaýyn, soňy puç bolýan ygtyýarlylaryň danalygy däldir.
Öz şäheriňizden bolan, Isa Mesihiň guly Epafra hem size salam ýollaýar. Hudaýyň her bir islegini doly bilmegiňiz we imanda berk durup, kämil bolmagyňyz üçin, Epafra yhlas bilen hemişe Rebbe dileg edýär.
Bol merhemet eçilýän Hudaý sizi Mesih arkaly Öz ebedi şöhratyna çagyrdy. Siz durmuşda ejir çekýän bolsaňyz hem, Ol sizi dikelder, berkider, güýçlendirer we sarsmaz bina edip gurar.