Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 1:18 - Mukaddes Kitap

18 Ýaradanlarynyň arasynda Onuň saýlan halky bolmagymyz üçin, Hudaý hakykat sözi arkaly bize täze ýaşaýyş bermegi karar etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Яраданларының арасында Онуң сайлан халкы болмагымыз үчин, Худай хакыкат сөзи аркалы бизе тәзе яшайыш бермеги карар этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 1:18
24 Iomraidhean Croise  

Ysraýyl Reb üçin mukaddes halkdyr, Onuň hasylynyň ilkinji miwesidir. Ondan iýenleriň ählisi ýazykly bolup, üstlerinden betbagtlyk indi“. Muny Reb aýdýandyr.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Size berjek ýurduma baryp, onuň hasylyny ýygnan mahalyňyz, ilkinji hasyl desselerini ruhana getirip beriň.


Dat günüňize, eý, Sionda asuda ýaşaýanlar, Samariýa dagynda howpsuz oturanlar, ysraýyl halkynyň ýüz tutmaga barýan iň beýik milletiň meşhur adamlary!


Olar ne ten, ne ynsan isleginden, ne-de är höwesinden doglupdylar. Olar Hudaý tarapyndan doglan perzentlerdir.


Mesihiň ýolunda siziň müňlerçe terbiýeçiňiz bolsa-da, atalaryňyz azdyr. Men Hoş Habar arkaly siziň Isa Mesihdäki ataňyz boldum.


hakykat habary, Hudaýyň güýji arkaly subut edýäris. Dogrulyk – biziň ýaragymyz. Biz ony hem sag, hem-de sol elimizde göterýäris.


Indi siz hem hakykat sözüni, ýagny halas bolmak baradaky Hoş Habary eşidip, Mesihe iman etdiňiz. Şoňa görä-de Hudaýyň wada beren Mukaddes Ruhy bilen möhürlendiňiz.


Hudaýyň huzurynda öz edýäninden utanmajak, hakyky taglymaty dogry öwredýän işçi hökmünde durup bileriň ýaly, jan-tenden yhlas et.


Hudaýyň perzentleriniň ýygnagyna golaýlaşdyňyz, olaryň atlary gökde ýazylandyr. Hemmäniň Kazysy bolan Hudaýyň huzuryna geldiňiz. Hudaýyň owal-başdan kämillige ýetiren adamlarynyň öňüne geldiňiz.


Onsoň höwes göwreli bolup, günäni dogurýar, günä hem ýetişip, ölümi dogurýandyr.


Şonuň üçin hem ahlak hapalygyny we her dürli ýamanlyk galyndysyny zyňyp taşlaň-da, Hudaýyň kalbyňyza eken sözüni pespällik bilen kabul ediň. Bu söz janyňyzy halas etmegi başarýandyr.


Emma kalbyňyzda bahyllyk we men-menlik bar bolsa, onda danalyk bilen öwünmäň. Bu aňrybaş ýalançylyk bolar!


Siz wagtlaýyn tohumdan däl-de, eýsem, ebedi tohumdan, ýagny Hudaýyň diri hem baky galýan sözi arkaly täzeden doguldyňyz.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Öz beýik merhemetine görä, Isa Mesihiň ölümden direlmegi arkaly bizi täze durmuşa we ýaşaýyş umydyna gowşurdy.


Hudaýyň perzendi günä etmegini dowam etmez, sebäbi oňa Hudaýyň ýaşaýyş berýän güýji ornandyr. Indi günä etmez, sebäbi ol Hudaýyň perzendidir.


Bular ömürlerinde aýala ýanaşman, öz päkligini saklanlardy. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna eýerýänlerdi. Bular ynsanlaryň arasyndan azat edilip, ilkinji hasyl hökmünde Hudaýa we Guza bagyş edilenlerdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan