Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 1:11 - Mukaddes Kitap

11 Gün çykyp, howurly yssysy bilen oty guradýar, onuň güli dökülip, gözelligi ýok bolýar. Edil şunuň ýaly baý hem öz işi bilen gümra bolup, baýlygy bilen bile ýok bolup gider.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Гүн чыкып, ховурлы ыссысы билен оты гурадяр, онуң гүли дөкүлип, гөзеллиги ёк боляр. Эдил шунуң ялы бай хем өз иши билен гүмра болуп, байлыгы билен биле ёк болуп гидер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 1:11
27 Iomraidhean Croise  

Kesekileriň ýüzi gorkudan ak tama dönýär, olar galalaryndan titreşip çykýar,


Çünki gökler ýerden nähili belentde bolsa, Rebbiň sadyk söýgüsi Ondan gorkýanlara şonça-da beýik.


Ömrüňi gabyrdan halas eýleýär, sadyk söýgi, merhemet jygasyny saňa geýdirýär.


ynsan kalbyny şatlandyrýan şeraby, onuň ýüzüni ýaldyradýan zeýtun ýagyny, ynsan ýüregine kuwwat berýän çöregi.


Ýa Reb, gaharyňda meni ýazgarma, gazabyňda meni terbiýeleme.


Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň, pikirleriň köpdür. Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür.


tümlükde assyrynlyk bilen gelýän mergiden ýa günortan çagy tozdurýan weýrançylykdan.


Bu-da bir erbet dertdir: nähili gelen bolsa, şeýle-de gider. Boş ýere çeken zähmetiniň oňa näme haýry bar?


Efraýym serhoşlarynyň buýsanýan täjiniň dat gününe! Onuň şöhratly gözelligi solup barýan güller kimindir, hasylly deräniň başyndaky şäheriň dat gününe! Şerapdan doýanlar oňa guwanýarlar.


Hasylly deräniň başynda ýerleşen, şöhratly gözelligi solup barýan gül, tomusdan öň ýetişen injir dek bolar; ony gören, tiz ýolup iýer.


Ajykmazlar, suwsamazlar, jöwza hem Gün olary ýakmaz, çünki olara rehim edeniň Özi ýol görkezer, olary suw çeşmelerine getirer.


Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly solup, guraýarlar.


«Bu iň soňky gelenler diňe bir sagat işlediler, biz bolsa, jöwzaly yssyda günuzyn agyr zähmet çekdik. Muňa garamazdan sen biziň zähmetimizi olaryňky bilen deň etdiň» diýýärler.


Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar?


Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly, olar solup, guraýarlar.


Bu dünýäniň işlerine meşgul kişiler-de öz wagtyny olara sowurmasyn. Çünki bu dünýä soňlanyp barýandyr.


Şeýle hem size gökde saklanýan çüýremez, tegmiltsiz, solmaz miras berdi.


Şeýle etseňiz, Baş Çopan aýan bolanda, solmaz şöhrat täjini alarsyňyz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan