Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 1:1 - Mukaddes Kitap

1 Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň guly men Ýakupdan başga milletleriň arasyna dargan Ysraýylyň on iki tiresine dogaýy salam!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Худайың ве Реббимиз Иса Месихиң гулы мен Якупдан башга миллетлериң арасына дарган Ысрайылың он ики тиресине догайы салам!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 1:1
41 Iomraidhean Croise  

Ylýas Ýakubyň ogullarynyň tireleriniň sanyna görä on iki sany daş aldy, çünki Ýakuba Rebbiň «Seniň adyň Ysraýyl bolar» diýen sözi gelipdi.


Olar Hudaýyň öýüniň bagyşlanma dabarasynda bir ýüz öküzi, iki ýüz goçy, dört ýüz guzyny we Ysraýyl tireleriniň sanyna görä, bütin ysraýyl halky üçin günä gurbanlygy hökmünde on iki erkeji gurbanlyk berdiler.


Soňra Haman Kserks patyşa şeýle diýdi: «Siziň patyşalygyňyzyň ähli welaýatlaryndaky halklaryň arasyna ýaýran, ýöne olardan aýry ýaşaýan bir halk bar. Olaryň kanunlary-da beýleki halklaryňkydan üýtgeşik. Mundan başga-da, olar patyşanyň kanunlaryny berjaý etmeýärler. Olara beýle zada ýol bermeklik patyşanyň bähbidine däl.


Musa Rebbiň ähli sözlerini ýazdy. Ol daň bilen turup, dagyň eteginde gurbanlyk sypasyny ýasady. Ol Ysraýylyň on iki tiresine laýyklykda on iki sany uly daş dikdi.


Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna görä, gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylsyn.


Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna laýyklykda gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly edilip, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylandy.


Olary ýurtlara dargadanymda, milletler arasyna pytradanymda, Meniň Rebdigimi bilerler.


Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler.


Ol agaç ussanyň ogly dälmi? Ejesiniň ady hem Merýem dälmi näme? Ol Ýakup, Ýusup, Simun we Ýahuda dagyň dogany ahyryn!


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz.


onsoň Andrys, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý, watançy Simun


Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz we tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden kazylyk edersiňiz».


Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar.


Onsoň ýahudylaryň baştutanlary biri-birine: «Bu Adam biz tapyp bilmez ýaly, nirä gitjekkä? Grekleriň arasyna dargap giden ýahudylaryň ýanyna gidip, greklere-de öwretjekmikä?


Şähere girenlerinden soň, olar öz bolýan öýleriniň ýokarky gatyndaky otagyna çykdylar. Petrus, Ýohanna, Ýakup, Andrys, Filip, Tomas, Bartolomeý, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Watançy Simun we Ýakubyň ogly Ýudas dagy hem şol ýerdediler.


Petrus olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan nähili azat edendigini olara gürrüň berdi. Soňra: «Muny Ýakuba we beýleki doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi.


Olar gürrüňlerini gutarandan soň, Ýakup söze başlap, şeýle diýdi: «Doganlar, maňa gulak asyň!


Çünki Musanyň kanuny gadym döwürden bäri her bir şäherde wagyz edilýär, her Sabat güni sinagogalarda okalýar».


Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys.


Şol döwürde Iýerusalimde dünýäniň ähli ýurtlaryndan gelen hudaýhon ýahudylar ýaşaýardylar.


Ertesi Pawlus biziň bilen birlikde Ýakuby görmäge bardy, Iýerusalimdäki ýygnagyň ähli ýolbaşçylary-da şol ýerdediler.


«Çuňňur hormatlanýan häkim Felikse Klawdiý Lisiýasdan dogaýy salam!


Hakykatda, halkymyzyň on iki tiresi gije-gündiz Hudaýa çyn ýürekden sežde edip, bu wadanyň berjaý bolmagyna umyt baglapdyr. Eý, şahym, ýahudylar bolsa şu umyt üçin meni aýyplaýarlar.


Stefanyň öldürilmegini Şawul hem oňlady. Şol günden soň Iýerusalimdäki ýygnagy yzgytsyz yzarlamaga başladylar. Resullardan başga hemmeler Ýahudyýa we Samariýa sebitlerine dargadylar.


Isa Mesihiň guly we resullyga çagyrylyp, Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etmäge saýlanan men Pawlusdan dogaýy salam!


Şonda men ol ýerde Rebbimiz Isanyň inisi Ýakupdan başga resullaryň hiç birini görmedim.


Petrus Ýakubyň iberen adamlary gelmezden ozal, keseki milletler bilen bir saçak başynda iýip-içýärdi. Emma şol adamlar gelende, Petrus sünnet edilmegi ündeýänlerden gorkup, keseki milletlerden çetleşip, olar bilen gatnaşygy kesdi.


maňa merhemet berlendigine göz ýetirdiler. Onsoň ýygnagyň diregleri hasaplanýan Ýakup, Petruswe Ýohanna dagy maňa we Barnaba doganlygyň nyşany hökmünde ellerini uzatdylar. Men Barnap bilen ýahudy dälleriň arasyna, olar hem ýahudylaryň arasyna gitmeli diýip, özara ylalaşdyk.


Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


diňe şonda Hudaýyňyz Reb size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp berer we rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar.


Ynsanlar arasyndan olary dagatmakdy, olar hakdaky ýatlamany öçürip taşlamakdy pikirim.


Reb sizi başga halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Rebbiň ýol görkezjek milletleriniň arasynda galjaklaryňyzyň sany gaty az bolar.


Isa Mesihiň gullary bolan men Pawlusdan we Timoteosdan Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolan filipilileriň baryna, şol sanda ýygnak ýolbaşçylaryna we hyzmatçylaryna dogaýy salam!


Gyş düşmänkä geljek bolup gaýrat et. Ewul, Pudens, Linus, Klawdiýa we imandaky doganlaryň bary saňa salam aýdýar.


Hudaýyň guly we Isa Mesihiň resuly men Pawlusdan dogaýy salam! Hudaý Öz saýlan adamlarynyň iman getirmegi we Onuň ýörelgesine gönükdirýän hakykaty bilmegi üçin meni resullyga belledi.


Isa Mesihiň resuly men Petrusdan Hudaýyň saýlanlaryna, ýagny Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitiniýa welaýatlarynda dagynyk we gelmişek bolup ýaşaýanlara dogaýy salam!


Isa Mesihiň guly we resuly men Simun Petrusdan Hudaýymyz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziň imanymyz ýaly gymmatly imana eýe bolanlara dogaýy salam!


Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany bolan men Ýahudadan Hudaýyň halky bolmaga çagyrylanlara dogaýy salam! Bu haty Atamyz Hudaý tarapyndan söýlüp, Isa Mesih arkaly goralýan size ýazyp ýollaýaryn.


Men möhürlenenleriň sanyny eşitdim. Ysraýyl halkynyň ähli tirelerinden bir ýüz kyrk dört müň adam möhürlenendi:


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan