Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýahuda 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Emma hatda baş perişde Mikaýyl Musanyň jesedi barada iblis bilen çekeleşende, iblise garşy sögmäge milt etmedi. Gaýtam, diňe: «Seni Rebbiň Özi ýazgarsyn!» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Эмма хатда баш перишде Микайыл Мусаның җеседи барада иблис билен чекелешенде, иблисе гаршы сөгмәге милт этмеди. Гайтам, диңе: «Сени Реббиң Өзи язгарсын!» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýahuda 1:9
16 Iomraidhean Croise  

Dawut olaryň öňünden çykyp, şeýle diýdi: «Eger meniň ýanyma ýagşy niýet, kömek etmek maksady bilen gelen bolsaňyz, onda ornuňyz ýüregimiň töründe, ýöne zorluk etmedik halymda meni duşmanlaryma satmak üçin gelen bolsaňyz welin, muny ata-babalarymyzyň Hudaýy görüp, siziň jezaňyzy bersin».


Hudaýa sögme. Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme.


Emma Pars patyşalygynyň serdary ýigrimi bir günläp maňa garşy durdy. Şol wagt baş serdarlardan biri bolan Mikaýyl maňa kömege geldi. Men ol ýerde Pars patyşalary bilen galypdym.


Emma men saňa hakykat kitabynda näme ýazylanyny aýan edeýin. Maňa olara garşy söweşmäge serdaryňyz Mikaýyldan başga hiç kim goldaw bermedi.


«Şol wagt seniň halkyňy goraýan baş serdar Mikaýyl öňe çykar. Şonda milletler döräli bäri görlüp-eşidilmedik jebir-jepaly döwür geler. Emma şol wagt seniň halkyňdan ady kitapda ýazylanlaryň ählisi halas bolar.


Reb şeýtana şeýle diýdi: «Reb saňa käýeýär, eý, şeýtan, Iýerusalimi saýlan Reb saňa käýeýär! Bu adam otdan çykarylan kesindi dälmi näme?»


Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isany ýaňsylaýardylar. Olar: «Päheý-de welin, Sen ybadathanany ýykyp, üç günde saljakdyň-a.


Reb ony Mowapda, Beýtpegoryň garşysyndaky jülgede jaýlady. Emma şu güne çenli onuň jaýlanan ýerini hiç kim bilmeýär.


Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesihe gowşan merhumlar direler.


Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, alkyş bilen jogap beriň, sebäbi siz şunuň ýaly ýaşamaga çagyrylansyňyz.


Perişdeler hatda bulardan has güýçli we gudratly bolsalar-da, Hudaýyň huzurynda gökdäki güýçlere dil ýetirmäge milt etmeýärler.


Onsoň gökde uruş başlandy. Mikaýyl we onuň perişdeleri aždarha bilen uruşdylar. Aždarha-da öz perişdeleri bilen olara garşy uruşdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan