Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýahuda 1:8 - Mukaddes Kitap

8 Muňa garamazdan, araňyza sümlüp giren bu adamlar gören düýşlerine daýanyp, öz bedenlerini haramlaýarlar. Hudaýyň hökmürowanlygyny ret edýärler, gökdäki perişdelere sögýärler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Муңа гарамаздан, араңыза сүмлүп гирен бу адамлар гөрен дүйшлерине даянып, өз беденлерини харамлаярлар. Худайың хөкмүрованлыгыны рет эдйәрлер, гөкдәки перишделере сөгйәрлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýahuda 1:8
23 Iomraidhean Croise  

Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşyny-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär».


Hudaýa sögme. Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme.


Şeýle adamlar bar, atasyna gargaýandyr, enesine alkyş edýän däldir.


Atasyny masgaralap, enesini diňlemän, har edýän gözi dere gargalary çokar, bürgütler iýer.


Patyşa hatda içiňden-de gargama, öz ýatýan otagyňda baýa gargama, çünki gökdäki guş habar äkider, ganatly guş sözüňi ýetirer.


Olar Musa bilen Harunyň garşysyna ýygnanyp: «Siz juda öte geçdiňiz! Bütin halk, her bir kişi mukaddesdir, Reb hem olaryň arasyndadyr. Şonda-da siz özüňizi näme üçin Rebbiň jemagatyndan ýokary tutýarsyňyz?» diýdiler.


Dolanyp gelende, öýüň süpürilgi, hemme zadyň ýerbe-ýerdigini görýär.


Sizi sinagogalara, ýolbaşçylaryň, hökümdarlaryň huzuryna getirenlerinde, özüňizi nähili gorajakdygyňyzy we näme diýjekdigiňizi gaýgy etmäň.


Begzadanyň halky ony ýigrenýän eken. Olar: „Bu adamyň biziň üstümizden şalyk sürmegini islemeýäris“ diýip, onuň yzyndan ilçiler iberýärler.


Pawlus: «Doganlar, onuň baş ruhanydygyny bilmändirin. Ýogsam Mukaddes Ýazgylarda hem: „Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme“ diýip ýazylan» diýdi.


Emma öz ildeşine azar berýän adam ony itekläp: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy?


Emma biziň ata-babalarymyz oňa boýun bolmakdan ýüz öwrüp, ony ret etdiler we Müsüre dolanmaga maýyl boldular.


Hudaýyň ybadathanasyny weýran edeni Hudaý weýran eder. Çünki Hudaýyň ybadathanasy mukaddesdir, şol ybadathana – sizsiňiz.


Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.


zynahorlar, biri-biri bilen ýatýan erkekler, gul söwdagärleri, ýalançylar, ähtiýalanlar, umuman, sagdyn taglymata garşy çykýanlaryň ählisi üçindigini bilýäris.


Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara tabyn boluň. Olar siziň janyňyz üçin Hudaýa hasabat bererler. Olaryň sözüne gulak asyň, sebäbi olar size gözegçilik edýändirler. Goý, olar borçlaryny şatlyk bilen ýerine ýetirsinler, gaýgy-hasrat çekmesinler, ýogsam, munuň size peýdasy degmez.


Hemmelere hormat goýuň. Imanly doganlaryňyzy söýüň, Hudaýdan gorkuň, patyşany sylaň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan