Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýahuda 1:7 - Mukaddes Kitap

7 Şeýle-de Sodom bilen Gomoranyň we olaryň töweregindäki şäherleriň adamlary hem edil şol perişdeler ýaly hereket etdiler, olar zynahorlyga köňül berip, azgynçylyga ýüz urdular. Şonuň üçin olar ebedi otda ýanmak jezasyny çekip, hemmelere sapak boldular.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Шейле-де Содом билен Гомораның ве оларың төверегиндәки шәхерлериң адамлары хем эдил шол перишделер ялы херекет этдилер, олар зынахорлыга көңүл берип, азгынчылыга йүз урдулар. Шонуң үчин олар эбеди отда янмак җезасыны чекип, хеммелере сапак болдулар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýahuda 1:7
27 Iomraidhean Croise  

Sodomyň halky pis işleri bilen Rebbe garşy uly günä etdiler.


Soňra Reb Ybraýyma: «Halkyň Sodom bilen Gomoranyň garşysyna edýän ahy-nalasyny eşitdim; olaryň günäleri juda agyrdyr.


Olar Luta: «Şu gije öýüňe gelen adamlar nirede? Olary biziň ýanymyza çykar, biz olar bilen ýatjak» diýip gygyryşdylar.


Ýehoşapat kakasy Asanyň günlerinde goýbolsun edilen seždegähleriň azgyn erkekleriniň galanyny ýurtdan doly ýok etdi.


Eger Hökmürowan Reb birnäçämizi aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik.


Hudaý patyşalyklaryň iň gözeli bolan, babyllylaryň buýsanjy bolan şöhratly Babyly ýer bilen ýegsan eder Sodom hem Gomora ýaly.


Siondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?»


Goý, ol adam Rebbiň gaýgyrman ýumran şäherleri kimin bolsun! Säher dady-perýat, günortan ahy-nala eşidilsin!


Edil Sodomyň, Gomoranyň, olaryň goňşularynyň ýer bilen ýegsan bolşy ýaly, ol ýerde-de ýeke adam galmaz, hiç bir ynsan ýaşamaz». Muny Reb aýdýandyr.


Çünki eziz halkymyň jezasy ynsan eli degmezden bir demde ýykylan Sodomyň jezasyndan uludyr.


Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.


Men Sodom bilen Gomorany ýumruşym ýaly, araňyzdaky köp şäherleri-de ýykyp ýumurdym. Siz otdan çykarylan kesindi mysaly bolduňyz, emma şonda-da Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Size dogrusyny aýdýaryn: kyýamat güni ol şäheriň ýagdaýy Sodom bilen Gomora şäherleriniň ýagdaýyndan has beter bolar.


Emma Men saňa şuny diýýärin: kyýamat güni seniň ýagdaýyň Sodomyň ýagdaýyndan has beter bolar».


Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!


Emma Lutuň Sodomdan çykan güni gökden ot bilen kükürt ýagyp, hemmesini ýok etdi.


Eýsem siz ýamanlyk edýänleriň Hudaýyň Şalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Öz-özüňizi aldamaň! Ne azgynlar, ne-de butparazlar, ne zynahorlar, ne-de erkekbazlar, ne beçebazlar,


„Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler.


emma jebir çeken size biziň bilen bile rahatlyk berer. Bu zatlar Reb Isa Öz perişdeleri bilen ot-ýalyn içinde gökden peýda bolan mahaly bolar. Rebbimiz Isa Hudaýy tanamaýanlary we Özi baradaky Hoş Habara gulak asmadyklary jezalandyrar.


Köp adamlar olaryň azgynçylykly ýörelgelerine eýererler, şolar sebäpli hakykat ýoluna dil ýetiriler.


Sodom we Gomora şäherlerini ýakyp-ýandyryp weýran etdi we bulary geljekde hudaýsyzlara näme boljakdygyny bilmäge sapak bolsun diýip etdi.


Ine, häzirki ýer bilen asman bolsa Hudaýyň sözi bilen saklanyp, hudaýsyz adamlaryň höküm we heläk ediljek gününe çenli ot üçin taýýar dur.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan