Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýahuda 1:6 - Mukaddes Kitap

6 Mertebelerini saklaman, mesgen tutan ýerlerini terk eden perişdeleri hem Ol tümlükde zynjyrlar bilen ebedilik baglady. Olary elhenç kyýamat gününe çenli şol ýerde saklaýar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Мертебелерини сакламан, месген тутан ерлерини терк эден перишделери хем Ол түмлүкде зынҗырлар билен эбедилик баглады. Олары элхенч кыямат гүнүне ченли шол ерде саклаяр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýahuda 1:6
12 Iomraidhean Croise  

Size dogrusyny aýdýaryn: kyýamat güni ol şäheriň ýagdaýy Sodom bilen Gomora şäherleriniň ýagdaýyndan has beter bolar.


Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!


Birdenkä olar: «Eý, Hudaýyň Ogly! Seniň biziň bilen näme işiň bar? Bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşyp başladylar.


Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr.


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Sebäbi biziň söweşimiz ynsanlara garşy däldir! Tersine, biz tümlügiň ruhy hökümdarlaryna we erk-ygtyýarlylaryna, şeýle-de gökdäki ýowuz ruhy güýçlere garşy söweşýäris.


Diňe garaşylýan howply höküm güni we Hudaýyň duşmanlaryny ýakyp-ýandyryjy ot bardyr.


Hudaý hatda günä iş eden perişdeleri-de aýamady. Höküm gününe çenli saklansynlar diýip, olary zynjyrlap, dowzahyň tüm garaňky girdabyna gabap goýdy.


Görşüňiz ýaly, Reb hudaýhon adamlary synagdan nähili halas etmelidigini, ýamanlyk edýänleri bolsa höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny bilýändir.


Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar.


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


Perişde aždarhany, ýagny iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan gadymy ýylany tutdy-da, ony müň ýyl möhlet bilen zynjyrlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan