Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýahuda 1:4 - Mukaddes Kitap

4 Sebäbi käbir hudaýsyzlar ogrynça araňyza sümlüp girdiler. Olar Hudaýyň ajaýyp merhemeti bize azgynlyk etmäge ygtyýar berýär diýip öwredýärler we ýeke-täk Hojaýynymyz we Rebbimiz Isa Mesihi ret edýärler. Şeýle adamlaryň jezasy gadymdan bäri ýazylyp goýlandyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Себәби кәбир худайсызлар огрынча араңыза сүмлүп гирдилер. Олар Худайың аҗайып мерхемети бизе азгынлык этмәге ыгтыяр берйәр дийип өвредйәрлер ве еке-тәк Хоҗайынымыз ве Реббимиз Иса Месихи рет эдйәрлер. Шейле адамларың җезасы гадымдан бәри язылып гойландыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýahuda 1:4
32 Iomraidhean Croise  

Ölüm tolkunlary maňa oraldy, weýrançylyk silleri meni garbady.


Rebbiň kanunyndan lezzet alýan, gije-gündiz şol barada oýlanýan bagtlydyr! Ol erbetleriň maslahatyna gitmeýär, günäkärleriň ýolundan ýöremeýär, ýaňsylaýjylaryň arasynda oturmaýar.


Eý, Hudaý! Sensiň Hudaýym, Seni agtarýaryn ir säher bilen, meniň janym teşnedir Saňa. Gurak, içgysgynç, suwsuz toprakda kimin Seni küýseýär meniň bedenim.


Hemmeler ýatyrka, onuň duşmany gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal ot ekip gidýär.


Baky ýaşaýyş bolsa, Seni, ýagny ýeke-täk hak Hudaýy we Seniň iberen Isa Mesihiňi tanamakdyr.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Biziň eşidişimize görä, aramyzdan käbirleri baryp, öz sözleri bilen sizi howsala salyp, aňyňyzy bulaşdyrypdyrlar. Emma olary biz ibermedik.


Sünnetlenme meselesi käbir dogansumaklar zerarly ýüze çykypdy. Olar bizi gul etmek üçin, aramyza ogrynça sümlüp, Isa Mesih arkaly alan azatlygymyzy gizlinlikde aňtadylar.


Eý, doganlarym! Siz azat bolmaga çagyrylansyňyz. Ýöne bu azatlygyňyzy ynsan höwesleriňizi kanagatlandyrmak üçin ulanmaň. Gaýtam, birek-birege söýgi bilen hyzmat ediň.


Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys.


Kimde-kim öz dogan-garyndaşlarynyň, ylaýta-da öz maşgalasynyň aladasyny etmeýän bolsa, imandan dändigidir. Şeýle adam imansyzdan hem beterdir.


Görgülere çydaýan bolsak, Onuň bilen bile şalyk süreris. Eger Ony ret etsek, Ol hem bizi ret eder.


Olar adamlaryň öýlerine sümlüp girýärler. Günäleri başyndan agdyk, her tüýsli höweslere meýilli, ýeňles aýallary öz tarapyna çekýärler. Bu aýallar hemişe öwrenmäge synanyşsalar-da, hakykat bilimine asla ýetip bilmeýärler.


Azat adam ýaly ýaşaň, emma öz azatlygyňyzy erbetlik etmek üçin ulanmaň. Hudaýyň gullary dek ýaşaň.


Şeýle hem bu «büdreme daşy, ýykýan gaýa». Olar öňden bellenişi ýaly, bu söze tabyn bolmansoňlar büdreýärler.


Eger dogry adam zordan halas bolýan bolsa, onda hudaýsyzyň we günäkäriň ahwaly niçik bolar?


Aýratyn-da haram höweslerine kowalaşyp, Onuň hökmürowanlygyny äsgermeýänleri-de näme etjegini Ol bilýändir. Beýle adamlar batyrsyraýarlar, tekepbirlenýärler we gökdäki güýçlere dil ýetirmekden gorkmaýarlar.


Azgynlaryň ahlaksyz ýaşaýşyndan jebir çeken dogruçyl Luty halas etdi.


Ine, häzirki ýer bilen asman bolsa Hudaýyň sözi bilen saklanyp, hudaýsyz adamlaryň höküm we heläk ediljek gününe çenli ot üçin taýýar dur.


Onda ýalançy kim? Isanyň Mesihdigini inkär edýän adam ýalançydyr. Ol Mesihiň duşmanydyr! Ol Atany-da, Ogly-da inkär edýär.


Ol ähli adamzada kazylyk eder, günä eden hudaýsyzlary höküm eder. Hudaýsyzlaryň ýaramaz etmişlerini we Oňa garşy küpür gepländikleri üçin olary jezalandyrar».


Olar size: «Dünýäniň ahyrky günlerinde öz ten höweslerini kanagatlandyrýan ýaňsylaýjylar peýda bolar» diýipdiler.


Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy? Adyňa şöhrat aýtmajak barmy? Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň! Ähli milletler huzuryňa gelerler, olar Saňa sežde ederler. Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan