Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýahuda 1:3 - Mukaddes Kitap

3 Eý, söýgüli doganlar! Men size Hudaýyň meni we sizi nähili halas edendigi barada ýazmagy juda makul bilýärdim. Emma muňa derek Hudaýyň Öz halkyna bir gezekde müdimilik tabşyran imany ugrunda sizi göreşmäge ruhlandyryp ýazmagymyň has-da wajypdygyna göz ýetirdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Эй, сөйгүли доганлар! Мен сизе Худайың мени ве сизи нәхили халас эдендиги барада язмагы җуда макул билйәрдим. Эмма муңа дерек Худайың Өз халкына бир гезекде мүдимилик табшыран иманы угрунда сизи гөрешмәге рухландырып язмагымың хас-да ваҗыпдыгына гөз етирдим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýahuda 1:3
44 Iomraidhean Croise  

Onsoň men olara käýedim, näletledim, käbirlerini urdum, saçlaryny ütdüm. Olara Hudaýyň adyndan ant içirip, şeýle diýdim: «Gyzlaryňyzy olaryň ogullaryna bermäň, ogullaryňyza, özüňize olaryň gyzlaryny almaň!


Emma Ysraýyly Reb halas etdi, Ol baky halas edýär; asyrlar boýy utanja galmarsyňyz, ryswa edilmersiňiz.


Eý, ýeriň dört künjegindäkiler, Maňa dolanyň-da, halas boluň! Men Hudaýdyryn, Menden başgasy ýokdur.


«Ýalan üçin dillerini ýaý kimin egreldýärler. Ýurtda olaryň güýji nädogrulyk bilen güýçlenýär, çünki pislik üstüne pislik edýärler, Meni asla tanamaýarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Ol Mesihiň görgi görmeginiň we soňra ölümden direlmeginiň gerek bolandygyny düşündirip subut etdi. Ol: «Meniň size wagyz edýän Isam Mesihdir» diýdi.


Ol Mukaddes Ýazgylar esasynda Isanyň Mesihdigini subut edip, ýahudylaryň nähakdygyny halkyň öňünde aç-açan paş edýärdi.


Sebäbi men Hudaýyň ähli islegini size wagyz etmekden boýun towlamadym.


Şonuň üçin indi şuny bilip goýuň: Hudaýyň halas bolmak baradaky Hoş Habary ýahudy dällere iberildi. Olar gulak asarlar».


Ondan başga Halasgär ýokdur. Onuň ady bütin älemde adamzady halas edip bilýän ýeke-täk atdyr».


Şeýlelikde, Hudaýyň Hoş Habary has-da ýaýrap, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Köp sanly ruhanylar-da iman etdiler.


Hanany şeýle jogap berdi: «Ýa Rebbim Isa! Men köp kişilerden bu adamyň Iýerusalimde Seniň saýlap-seçenleriňe eden ençeme ýamanlyklary barada eşitdim.


Şawulyň erk-ygtyýary bolsa gün-günden güýçlenýärdi. Ol Isanyň Mesihdigini subut etmek bilen, Damaskda ýaşaýan ýahudylaryň başyny çaşyrdy.


Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size-de gowşurdym. Bu habar, ine, şundan ybarat: Mukaddes Ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi.


Emma Hoş Habaryň hakykaty siziň bilen galsyn diýip, biz bu dogansumaklara bir pursat-da eglişik etmedik.


Indi ýahudy däl bilen ýahudynyň, gul bilen erkin adamyň, erkek bilen aýalyň arasynda hiç bir parh ýokdur. Isa Mesihe degişli bolanyňyz üçin, indi baryňyz birsiňiz.


Ine, size öz elimiň şeýle uly harplar bilen ýazýanyny görüň!


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan Efesdäki Hudaýyň halkyna, ýagny Isa Mesihe iman edýänlere dogaýy salam!


Şeýdip, nähak dökülen ganyň günäsini öz araňyzdan aýryp, Rebbiň nazarynda dogry işleri edersiňiz.


Reb maňa Öz eli bilen ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Dagda üýşen günüňiz Rebbiň oduň içinden aýdan ähli sözleri şol daşlaryň ýüzüne ýazylandy.


Isa Mesihiň gullary bolan men Pawlusdan we Timoteosdan Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolan filipilileriň baryna, şol sanda ýygnak ýolbaşçylaryna we hyzmatçylaryna dogaýy salam!


Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin.


Biziň ozal Filipide horluk çekendigimizi, kemsidilendigimizi hem bilýänsiňiz. Indi bolsa bärde-de garşylyga duçar bolduk. Emma muňa garamazdan, Hudaý Öz Hoş Habaryny size hem wagyz etmek üçin bize gujur-gaýrat berdi.


Eý, oglum Timoteos, sen barada aýdylan pygamberlikleri nazara alyp, saňa şuny berk tabşyrýaryn: bu pygamberliklere daýanyp, ökde söweşiji kimin söweş,


Iman ugrundaky göreşde edermenlik bilen göreş we baky ýaşaýşy makäm tut. Hudaý seni muňa çagyrdy, sen hem imanyňy köp şaýadyň öňünde doly ykrar edensiň.


Saňa öwreden dogry taglymatymy nusga hökmünde gaýym tutup, Isa Mesihiň berýän imanyna we söýgüsine eýer.


Eý, Titus, imanymyzyň bir bolandygy üçin, men seni hakyky oglum saýýaryn. Goý, Atamyz Hudaýyň we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy saňa ýar bolsun!


Eý, doganlar, size ýazan bu gysga hatymdaky öwüt-ündewlerimi çyn ýürekden kabul etmegiňizi haýyş edýärin.


Eziz dostlar, biz şeýle diýsek hem, siziň beýle däldigiňizi bilýäris. Siziň dogry ýoldan ýöräp, halas boljakdygyňyza ynanýarys.


Bu gysga hatymy size sadyk doganym Silwan arkaly ýazdym. Munuň bilen sizi ruhlandyryp, Hudaýyň hakyky merhemetine şaýatlyk etdim.


Isa Mesihiň guly we resuly men Simun Petrusdan Hudaýymyz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziň imanymyz ýaly gymmatly imana eýe bolanlara dogaýy salam!


Dogrulyk ýoluny bilenden soň, özlerine tabşyrylan mukaddes buýrugy inkär edeninden bu ýoly asla bilmezlik olar üçin has gowy bolardy.


Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany bolan men Ýahudadan Hudaýyň halky bolmaga çagyrylanlara dogaýy salam! Bu haty Atamyz Hudaý tarapyndan söýlüp, Isa Mesih arkaly goralýan size ýazyp ýollaýaryn.


Siz bolsa, eý, söýgüli doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň resullarynyň öňden aýdanlaryny ýadyňyzda saklaň.


Emma siz, söýgüli doganlar, mukaddes imanyňyza bil baglap, biri-biriňize öwüt-ündew ediň. Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp, doga-dileg ediň.


Doganlarymyz Guzynyň gany arkaly, öz şaýatlyklary arkaly ony ýeňdiler. Hatda ölüm howpy üstlerine abananda-da, janlaryny aýamadylar.


Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan