Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýahuda 1:17 - Mukaddes Kitap

17 Siz bolsa, eý, söýgüli doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň resullarynyň öňden aýdanlaryny ýadyňyzda saklaň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Сиз болса, эй, сөйгүли доганлар, Реббимиз Иса Месихиң ресулларының өңден айданларыны ядыңызда саклаң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýahuda 1:17
8 Iomraidhean Croise  

Gulum Musanyň kanunyny, bütin Ysraýyl üçin Meniň Horep dagynda onuň üsti bilen buýran parzlarymy we hökümlerimi ýatlaň.


Öz ellerim bilen işläp, mätäçlik çekýänlere kömek etmekde men size görelde görkezdim. Rebbimiz Isanyň hut Özüniň: „Bermek almakdan has köp bagtyýarlyk getirýär“ diýen sözlerini ýatda saklaň».


Siz berk binýadyň üstünde bina edilensiňiz. Bu binýat resullar we pygamberlerdir. Onuň burç daşy bolsa Isa Mesihiň Özüdir.


Ine, Mesihiň Özi käbirlerini resul, käbirlerini pygamber, başga birilerini Hoş Habarçy, öwrediji, beýleki birlerini ýygnagyň çopanlary edip belledi.


Indi biz şundan soň halas bolmagyň bu ajaýyp ýoluny inkär etsek, onda heý-de jezadan halas bolup bilerismi? Halas bolmagyň bu ýoluny owal-başda Reb yglan etdi we muny Isa Mesihiň hut Özünden eşidenler tassykladylar.


Mukaddes pygamberleriň gadymyýetde aýdan habaryny we Rebbimiz Halasgäriň resullaryňyz arkaly size beren buýrugyny ýadyňyza salmakçy.


Biz bolsa Hudaýa degişlidiris. Kim Hudaýy tanaýan bolsa, bize gulak asar. Kim Hudaýdan bolmasa, bize gulak asmaz. Hakyky Ruh bilen ýalan ruhy, ine, biz şeýdip saýgarýarys.


Eý, söýgüli doganlar! Men size Hudaýyň meni we sizi nähili halas edendigi barada ýazmagy juda makul bilýärdim. Emma muňa derek Hudaýyň Öz halkyna bir gezekde müdimilik tabşyran imany ugrunda sizi göreşmäge ruhlandyryp ýazmagymyň has-da wajypdygyna göz ýetirdim.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan