Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýahuda 1:16 - Mukaddes Kitap

16 Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Олар хемме затдан нәгиле болуп, зейренип йөренлердир. Диңе өз пис хөвеслерине эерйәндирлер; гопбамсы гүрләп, өз бәхбидини арап, икийүзлүлик эдйәндирлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýahuda 1:16
38 Iomraidhean Croise  

Adamdan ýüz görmerin, ýaranjaňlyk etmen hiç kime.


Han-beglerden ýüz görmeýär, baýy garypdan ýokary tutmaýar, çünki hemmeler Onuň eliniň ýaradanydyr.


Ol buýurdy-da, tupanly gaý turuzdy, ol hem deňziň tolkunlaryny galkdyrdy.


Özge hudaýlara eýerýänler köpelder öz hasratyny; men guýmaryn olaryň guýýan ganly içgi sadakasyny, agzamaryn olaryň atlaryny.


Ol gökleri böwsüp, aşaga indi, zulmat aýaklarynyň astynda bardy.


Öz-özlerine şeýle diýdiler: «Olaryň baryny tabyn edeliň». Hudaýyň ýurdundaky ähli ybadat öýlerini oda berdiler.


Tarapgöý bolmak ýagşy däldir, bir döwüm nan diýip ynsan ýazykly bolar.


Ýolundan azaşanlar düşünerler, arz-şikaýat edýänler tälim alarlar».


Höküm çykaranyňda adalatsyzlyk etme. Garybyň tarapyny tutup ýa-da baýdan heder edip, adalatsyzlyk etme, ildeşiňe hemişe adalatly höküm çykar.


Musanyň ýurdy gözden geçirmäge iberen adamlary ol ýurt hakda getiren ýaramaz habarlary bilen halky Rebbe garşy öjükdirendikleri üçin, Onuň huzurynda gyrgyna berlip öldüler.


Sen ähli ýoldaşlaryň bilen bile Haruna garşy bolduň, hakykatda bolsa bu siziň Rebbe garşy boldugyňyzdyr».


Ýöne ertesi gün Ysraýyl ogullarynyň bütin jemagaty Musa bilen Haruna garşy çykyp: «Rebbiň halkyny siz öldürdiňiz» diýdiler.


Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler.


Halk muny görüp: «Bir günäkäriň öýüne myhman boldy» diýşip, hüňürdemäge başlady.


Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler.


«Gökden inen çörek Mendirin» diýeni üçin ýahudylaryň baştutanlary Oňa garşy çykyp hüňürdeşdiler.


Isa şägirtleriň muňa hüňürdeşýänini bilip, olara: «Bu siziň janyňyza batýarmy?


Olaryň käbirleri ýaly hüňürdemäliň: olar Ölüm perişdesiniň elinden öldi.


Size şuny aýdasym gelýär: Mukaddes Ruhuň ýörelgesinden ýöräň. Şonda siz ynsan höweslerine eýermersiňiz.


Isa Mesihe degişli bolanlar öz ynsan höweslerini we joşgunlaryny haça çüýländirler.


Siz çadyrlaryňyzda hüňürdeşip şeýle diýdiňiz: „Reb bizi ýigrenýär, Ol bizi amorlaryň eline berip ýok etmek üçin Müsürden çykaryp getiripdir.


Her bir zady hüňürdemän, zeýrenmän berjaý ediň.


Hudaýy tanamaýan milletler ýaly öz bedeniňizi haram keýpe bermäň;


Bular zerarly pikirleri zaýalanan adamlaryň arasynda agzalalyklar ýüze çykýar. Olar hakykaty ýoýup, Hudaýyň ýörelgesi gazanç ýoludyr öýdýärler.


Çünki adamlaryň sagdyn taglymaty diňläsi gelmejek zamanasy geler. Şonda olar öz höweslerine ýaraşykly, gulaklaryna-da ýakymly sözleri aýtjak öwredijileri gözlärler.


Gulak asyjy çagalar deý boluň, ozalky nadan döwrüňizdäki höwesleriňize eýermäň.


Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.


Indi bu bedendäki galan ýaşajak ömrüňizde ynsanyň islegine däl-de, Hudaýyň islegine eýeriň.


Aýratyn-da haram höweslerine kowalaşyp, Onuň hökmürowanlygyny äsgermeýänleri-de näme etjegini Ol bilýändir. Beýle adamlar batyrsyraýarlar, tekepbirlenýärler we gökdäki güýçlere dil ýetirmekden gorkmaýarlar.


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Ähli zatdan öňürti şuny biliň: ahyrky günlerde öz betnebislerine çapýan bihaýa ýaňsylaýjylar peýda bolar.


Ol ähli adamzada kazylyk eder, günä eden hudaýsyzlary höküm eder. Hudaýsyzlaryň ýaramaz etmişlerini we Oňa garşy küpür gepländikleri üçin olary jezalandyrar».


Olar size: «Dünýäniň ahyrky günlerinde öz ten höweslerini kanagatlandyrýan ýaňsylaýjylar peýda bolar» diýipdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan