Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýahuda 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Оларың шер ишлери буланык сув толкунлары ялы әшгәр боляр ве өзлери-де сергездан йылдызлар киминдир. Түм гараңкылык олар үчин эбедилик сакланяр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýahuda 1:13
12 Iomraidhean Croise  

Ol kuwwaty arkaly höküm sürýär ebedi, milletlere garaýar Onuň gözleri; goý, pitneçiler baş galdyrmasyn. Sela


«Emma pisler tolkun atýan deňiz ýalydyr, olar asuda bolup bilmeýärler, tolkunlary laý we hapa çykarýar.


Olaryň soňy weýrançylykdyr, olaryň gara garynlary hudaýlarydyr, olar öz masgaralygyna buýsanýandyrlar. Olar diňe bu dünýäniň zatlary barada oýlanýandyrlar.


Pisler we kezzaplar bolsa aldap, aldanyp, öz pisliklerinde barha ilerlärler.


Bu adamlar bolsa gurap galan çeşmedir, güýçli ýeliň kowýan ümrüdir; dowzahda garaňky tümlük şolar üçin saklanýandyr.


Mertebelerini saklaman, mesgen tutan ýerlerini terk eden perişdeleri hem Ol tümlükde zynjyrlar bilen ebedilik baglady. Olary elhenç kyýamat gününe çenli şol ýerde saklaýar.


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan