Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýahuda 1:11 - Mukaddes Kitap

11 Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Оларың халына вай! Олар Кабылың гөрелдесине эерйәрлер. Билгам ялы, пул үчин адамларың гөзүни гапярлар. Кора ялы баш галдырандыклары үчин хеләк болярлар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýahuda 1:11
21 Iomraidhean Croise  

Uryýa ruhany-da Ahaz patyşanyň tabşyran zatlarynyň baryny aýdyşy ýaly ýerine ýetirdi.


Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.


Ýüz keşpleri özleriniň garşysyna şaýatlyk edýär, günälerini Sodom ýaly äşgär edýärler, olary ýaşyrmaýarlar, olaryň dat gününe! Betbagtçylygy satyn aldylar olar.


Meýdanda we depeleriň üstünde seniň eden nejis işleriňi: zynahorlygyňy, esräp kişňeýşiňi, haýasyz loluçylygyňy gördüm. Dat günüňe, eý, Iýerusalim! Tämizlenmegiň üçin, ýene näçe wagt gerek saňa?!»


Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Akmak pygamberleriň dat gününe! Olar hiç bir zat görmän, öz hyýallarynyň yzyna eýerýärler.


Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.


Sürini taşlaýan, derde ýaramaýan çopanyň dat gününe! Gylyç onuň elini çapsyn, sag gözüni oýsun. Eli bütinleý gurasyn, sag gözi sokur bolsun».


«Bu aýallar Bilgamyň maslahaty bilen Pegorda ysraýyllara Rebbe garşy dönüklik etdirdiler. Şonuň üçinem, Rebbiň halkynyň arasyna gyrgynçylyk aralaşdy.


«Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.


Sebäbi siz Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, olar ýolda sizi duz-çörek we suw bilen garşy almadylar. Olar sizi näletlemek üçin, Mesopotamiýada Petor galasyndan bolan Begoryň ogly Bilgamy hakyna tutdular.


Habyl iman arkaly Hudaýa Kabyldan has gowy sadaka hödürledi. Hudaý Habylyň sadakasyndan hoşal bolup, ony imany arkaly dogruçyl adam saýdy. Habyl ölen hem bolsa, iman arkaly häzirem gepleýär.


Olar Begoryň ogly Bilgamyň yzyna eýermek bilen, dogry ýoly terk edip azaşdylar. Bilgam haram ýol bilen pul gazanmagy halady.


Şeýtana degişli bolup, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň. Kabyl ony näme üçin öldürdi? Sebäbi öz eden işleri pislikdi, doganynyňky bolsa dogrudy.


Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan