Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Rut 4:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýaňky ýakyn hossary: «Men oňa eýe çykyp biljek däl, eger eýe çykaýsam, onda, öz mirasymy dagadaryn, ony sen alaý. Men beýle edip biljek däl» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Яңкы якын хоссары: «Мен оңа эе чыкып билҗек дәл, эгер эе чыкайсам, онда, өз мирасымы дагадарын, оны сен алай. Мен бейле эдип билҗек дәл» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Rut 4:6
8 Iomraidhean Croise  

Ýahuda Onana: «Doganyňyň nesli ýitip gitmez ýaly, sen öz gelnejeňe ýanaşmaga borçlusyň» diýdi.


Eger öz garyndaşlaryňyzdan biri garyp düşüp, mülküniň bir bölegini satsa, onda onuň hossary gelip, onuň satan ýerini yzyna satyn alsyn.


Eger ol adam doganynyň dul galan aýalyna öýlenmek islemese, dul aýal gala derwezesiniň agzyna ýaşulularyň ýanyna gelip: „Meniň ärimiň dogany öz agasynyň adyny Ysraýylda galdyrmakdan ýüz öwürýär. Ol doganynyň deregine meniň üçin ärlik borjuny berjaý etmeýär“ diýsin.


Soňra galanyň ýaşululary merhumyň doganyny çagyryp, onuň bilen gepleşsinler. Eger ol şonda-da öz diýenini tutup: „Men oňa öýlenmek islemeýärin“ diýse,


onda doganynyň aýaly ýaşulularyň gözüniň alnynda onuň ýanyna baryp, onuň aýagyndaky çepegini çykaryp, onuň ýüzüne tüýkürsin we oňa: „Öz doganynyň öýüni dikeltmeýän adama, ine, şeýle edýärler“ diýip, muny jar etsin.


Nagomy gelnine: «Wepalylygyny ölülerden, dirilerden gaýgyrmadyk Reb bu adamy ýalkasyn! Bu adam biziň garyndaşymyzdyr, iň ýakyn hossarlarymyzyň biridir» diýdi.


Bu gije sen şu ýerde ýat, ertir ol saňa hossar çyksa çykar, bolmasa-da, men özüm saňa hossarlyk ederin, Rebbiň barlygynda muňa ant içýärin! Ertire çenli sen şu ýerde boluber» diýdi.


Bowaz oňa: «Sen kim?» diýdi. Ol: «Men Rut, seniň gyrnagyň. Meniň garamatymy öz üstüňe alsana, çünki sen biziň ýakyn hossarymyzsyň» diýip jogap berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan