Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Rut 4:11 - Mukaddes Kitap

11 Derwezäniň agzyna üýşen ýaşulular we beýleki adamlar Bowaza ýüzlenip: «Biz şaýatdyrys. Goý, Reb seniň öýüňe geljek aýaly Rahel we Leýa ýaly etsin! Ol ikisinden ysraýyl halky emele gelendir. Efrat urugynyň arasynda seniň döwletiň artyp, adyň Beýtullahama dolsun!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Дервезәниң агзына үйшен яшулулар ве бейлеки адамлар Боваза йүзленип: «Биз шаятдырыс. Гой, Реб сениң өйүңе гелҗек аялы Рахел ве Лея ялы этсин! Ол икисинден ысрайыл халкы эмеле гелендир. Эфрат уругының арасында сениң дөвлетиң артып, адың Бейтуллахама долсун!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Rut 4:11
24 Iomraidhean Croise  

Şol wagt hetleriň arasynda Epron hem otyrdy. Epron hetlere, gala derwezesindäkileriň hemmesine eşitdirip, gaty ses bilen:


Olar Rebeka pata berip, şeýle diýdiler: «Eý, uýamyz! Goý, senden müňläp-müňläp perzentler dünýä insin; Nesliň öz duşmanlarynyň galalaryny basyp alsyn!»


Labanyň iki gyzy bardy. Ulusynyň ady Leýa, kiçisiniň ady bolsa Raheldi.


Daň atdy, ine, görse bu Leýa eken. Ýakup Labana: «Bu näme etdigiň boldy? Men saňa Rahel üçin hyzmat etmänmidim näme? Sen näme üçin meni aldadyň?» diýdi.


Leýa göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol ogluna Ruben diýip at goýdy, çünki ol: «Reb meniň betbagtlygymy gördi, indi meni adamym halar» diýdi.


onuň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin;


Şeýdip, Izebel Ahabyň adyndan hatlar ýazyp, olary Ahabyň möhüri bilen möhürledi-de hatlary Ýizregel galasynda ýaşaýan ýaşululara, beglere iberdi.


Onuň ikinji ogly Salma bolup, ol Beýtullahamy esaslandyrypdy, üçünji oglunyň ady Harep bolup, ol Beýtgaderi esaslandyrypdy.


Akyldar zenan öýüni gurýar, akmak aýal bolsa öýüni öz eli bilen ýumurýar.


Äri şäher derwezesiniň alnynda tanalýar, ýurduň ýaşulularynyň arasynda oturýandyr.


Şaýatlar çagyryp, şertnama ýazyp möhürledim we kümşi terezide çekdim.


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


„Emma sen, eý, Ýahuda ýurdundaky Beýtullaham! Ýahuda hökümdarlarynyň arasynda asla kiçisi dälsiň sen. Çünki senden bir Hökümdar çykar, halkym Ysraýylyň çopany bolar“».


Eger ol adam doganynyň dul galan aýalyna öýlenmek islemese, dul aýal gala derwezesiniň agzyna ýaşulularyň ýanyna gelip: „Meniň ärimiň dogany öz agasynyň adyny Ysraýylda galdyrmakdan ýüz öwürýär. Ol doganynyň deregine meniň üçin ärlik borjuny berjaý etmeýär“ diýsin.


onda doganynyň aýaly ýaşulularyň gözüniň alnynda onuň ýanyna baryp, onuň aýagyndaky çepegini çykaryp, onuň ýüzüne tüýkürsin we oňa: „Öz doganynyň öýüni dikeltmeýän adama, ine, şeýle edýärler“ diýip, muny jar etsin.


Ol adamyň ady Elimelek, aýalynyň ady Nagomy, ogullarynyň atlary bolsa Mahlon hem Kilýondy. Olar Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan, efrat tiresindendiler. Olar Mowaba gelip, şol ýerde galdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan