Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Rut 4:10 - Mukaddes Kitap

10 Şeýle hem merhumyň ady öz mirasynyň üstünde berkarar bolup, doganlarynyň arasynda, dogduk mekanynda onuň ady ýitmez ýaly, Mahlonyň aýaly, mowaply Ruty men özüme aýallyga alýaryn. Siz muňa şaýatsyňyz» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Шейле хем мерхумың ады өз мирасының үстүнде беркарар болуп, доганларының арасында, догдук меканында онуң ады йитмез ялы, Махлоның аялы, моваплы Руты мен өзүме аяллыга алярын. Сиз муңа шаятсыңыз» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Rut 4:10
19 Iomraidhean Croise  

Bir hepdelik toý dabarasy geçsin, saňa Raheli-de bererin, ýöne onuň üçin ýene ýedi ýyl hyzmatymy etmeli bolarsyň» diýdi.


Emma Onan özünden önjek çagalaryň öz nesli bolmajakdygyny bilýärdi. Şol sebäpden-de ol her wagt gelnejesine ýanaşanda, çaga galmazlygy üçin tohumyny ýere dökerdi.


Şikeslini ýaňsylaýan hudaýsyzlar dek, olar maňa dişlerini gyjaýardylar.


Gowy aýala gowşan gowulyk tapýandyr we Rebbiň razylygyny gazanýandyr.


Öý we mal-mülk atalardan miras, ýöne paýhasly aýal Rebdendir.


Perzentleriňiz çäge deý, nesilleriňiz çäge ownuklary deý bolardy; atlary huzurymdan aýrylmaz, ýok edilmez».


Ýakup Siriýa ýurduna gaçdy. Ysraýyl ol ýerde aýal almak üçin hyzmat etdi. Öýlenmäge goýun bakdy.


Men aýaly on bäş kümüş teňňä we on bäş batman arpa satyn aldym.


Şol gün Men ýurtdan butlaryň atlaryny öçürip taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Mundan beýläk olar ýatlanylmaz. Ýalan pygamberleri-de, erbet ruhy-da ýurtdan çykararyn.


Siz: «Näme üçin kabul etmeýär?» diýip soraýarsyňyz. Sebäbi Reb seniň we ýaş wagtyň öýlenen aýalyňyň arasynda şaýatdyr. Ol ýanýoldaşyň, ähtleşen aýalyň hem bolsa, sen oňa dönüklik etdiň.


Eý, ärler, Isa Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem öz aýalyňyzy söýüň. Ol Öz ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizledi, ony Özüne mukaddes halk edinmek üçin, janyny gurban etdi.


Ol aýalyň dogran ilkinji oglunyň adyna ölen doganynyň adyny daksyn. Şonda ol merhumyň ady Ysraýyldan öçüp gitmez.


Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder.


Eger kenganlar we beýleki halklar bu hakda eşitseler, olar biziň daşymyzy gabap alarlar hem-de biziň adymyzy ýer ýüzünden süpürip taşlarlar. Şonda Sen Öz beýik adyň üçin näme edip bilersiň?»


Bowaz ýaşululara, derwezäniň agzyndaky adamlara: «Elimelegiň, Kilýonyň we Mahlonyň ähli emlägini Nagomydan meniň satyn alandygyma bu gün siz şaýatsyňyz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan