Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Rut 4:1 - Mukaddes Kitap

1 Bowaz galanyň derwezesiniň agzyna gelip oturdy. Şol wagt Bowazyň: «Ol saňa has ýakyn hossardyr» diýen adamy geçip barýardy. Bowaz ony gören badyna adyny tutup: «Bärik sowul, gel, şu ýerde otur» diýip, ony ýanyna çagyrdy. Ol gelip oturdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Боваз галаның дервезесиниң агзына гелип отурды. Шол вагт Бовазың: «Ол саңа хас якын хоссардыр» диен адамы гечип барярды. Боваз оны гөрен бадына адыны тутуп: «Бәрик совул, гел, шу ерде отур» дийип, оны янына чагырды. Ол гелип отурды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Rut 4:1
21 Iomraidhean Croise  

Agşamara hälki iki perişde Sodom galasyna geldi. Lut galanyň derwezesinde otyrdy. Ol perişdeleriň gelýänini görüp, ýerinden turup, olaryň öňlerinden çykyp, olara iki bükülip tagzym etdi.


Şol wagt hetleriň arasynda Epron hem otyrdy. Epron hetlere, gala derwezesindäkileriň hemmesine eşitdirip, gaty ses bilen:


Hamor bilen Şekem ikisi gala derwezesindäki duşuşyk geçirilýän ýere gelip, halka şeýle ýüzlendiler:


Abşalom daň bilen turup, galanyň derwezesiniň golaýynda durardy. Eger kimdir biri haýsydyr bir dawany çözmek üçin, patyşanyň huzuryna barmak islese, Abşalom ony ýanyna çagyryp: «Haýsy galadan bolarsyň?» diýip sorardy. Gelen: «Guluň Ysraýylyň pylan tiresinden» diýerdi.


Ysraýyl patyşasy bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat şalyk lybasyny geýip, Samariýanyň derwezesiniň agzyndaky harmanda öz tagtlarynda otyrdylar. Ähli pygamberler olaryň öňünde pygamberlik edýärdiler.


Şäher derwezesine baranymda, meýdançada oturmaga ýerime geçenimde,


kömekçilerimiň tarapymy çaljagyna gözüm ýetip, ýetime el galdyran bolsam,


Äri şäher derwezesiniň alnynda tanalýar, ýurduň ýaşulularynyň arasynda oturýandyr.


Eý, teşneler, suwa geliň! Eý, pulsuzlar, geliň, galla satyn alyň, iýiň! Geliň, şeraby, süýdi pulsuz alyň!


Şaýatlar çagyryp, şertnama ýazyp möhürledim we kümşi terezide çekdim.


Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň, kazyýetde adalaty berkarar ediň. Belki şonda Reb Hökmürowan Hudaý Ýusubyň aman galanlaryna merhemet eder.


Reb şeýle diýýär: «Haýdaň, haýdaň! Demirgazyk ýurdundan gaçyň. Çünki Men sizi gögüň dört tarapyna öwüsýän ýel kimin dargatdym, muny Men – Reb aýdýandyryn.


Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek galalarynda tireleriňiziň arasyndan kazylar we baştutanlar belläň. Olar halkyň hal-ýagdaýyny adalatly çözsünler.


onda siz günä eden erkegi ýa-da aýaly derwezäniň daşyna getirip, erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, ony daşlap öldüriň.


ata-enesi ony tutup, şol ýerdäki galanyň derwezesiniň golaýyna, ýaşulularyň ýanyna getirsin.


Eger ol adam doganynyň dul galan aýalyna öýlenmek islemese, dul aýal gala derwezesiniň agzyna ýaşulularyň ýanyna gelip: „Meniň ärimiň dogany öz agasynyň adyny Ysraýylda galdyrmakdan ýüz öwürýär. Ol doganynyň deregine meniň üçin ärlik borjuny berjaý etmeýär“ diýsin.


Kimde-kim şol galalaryň birine gaçyp barsa, ol adam galanyň girelgesinde, derwezäniň agzynda durup, şol galanyň ýaşulularyna eşitdirip, öz ýagdaýyny habar bersin. Olar ol adamy öz ýaşaýjylarynyň biri hökmünde kabul edip, oňa öz aralarynda galada ýaşamaga orun bererler.


Dogry, menem hossaryňdyryn welin, ýöne saňa menden-de has ýakyn bir hossaryň bar.


Nagomy: «Gyzym, bu işiň soňunyň nähili boljakdygy belli bolýança, garaşyber, çünki ol bu işi şu gün bitirmän ynjalmaz» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan