Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Rut 3:7 - Mukaddes Kitap

7 Bowaz iýip-içip, keýpini kökledi. Soň harmanyň gyrasyna ýatmaga gitdi. Rut bolsa assyrynlyk bilen gelip, onuň aýagujy tarapyndan ýorgany açyp, girip ýatdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Боваз ийип-ичип, кейпини көкледи. Соң харманың гырасына ятмага гитди. Рут болса ассырынлык билен гелип, онуң аягуҗы тарапындан ёрганы ачып, гирип ятды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Rut 3:7
18 Iomraidhean Croise  

Olara nahar Ýusubyň saçagyndan berildi. Benýaminiň paýy beýlekileriňkiden bäş esse artykdy. Şeýdip, olar Ýusup bilen bile iýip-içip keýp çekdiler.


Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“ diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!»


Aýaly Izebel oňa: «Ysraýyla patyşalyk edýän sen dälmi näme? Tur, naharyňy iý-de, göwnüňi hoşla; ýizregelli Nabodyň üzümçiligini saňa meniň özüm alyp bererin».


Meýlisiň ýedinji güni şerapdan serhoş bolan Kserks patyşa şa aýaly Waştynyň başyna şalyk täjini geýdirip, ony öz huzuryna getirmeklerini köşkde hyzmat edýän ýedi agtasyna: Mehumana, Bizta, Harbona, Bigta, Abagta, Zetara we Karkasa buýurdy. Ol bütin halka we beglere onuň gözelligini görkezmek isledi, çünki ol görmegeý aýaldy.


Diýdi: «Saýlap-seçenlerime siz el degirmäň, pygamberlerime ýamanlyk etmäň».


Meýlis keýpi-sapa üçin edilýändir, şerap durmuşa şatlyk berýändir, pul her mätäçligiň öwezini dolýandyr.


Adama iýip-içmekden we çeken zähmetinden lezzet almakdan başga gowy zat ýok. Emma munuň-da Hudaýdandygyna göz ýetirdim.


Şonuň üçin men lezzet almaklygy makul görýärin, çünki Günüň astynda ynsan üçin iýip-içmekden we lezzet almakdan gowy zat ýok. Hudaýyň Günüň astynda beren ömrüniň bütin günlerinde çeken zähmetinden ynsana hemra boljak diňe şatlykdyr.


Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy.


Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.


Şerapdan serhoş bolmaň, bu sizi wejeralyga elter. Tersine, Mukaddes Ruhdan dolup-daşyň.


Mes bolan jemagat: «Şimşony getiriň, goý, ol biziň göwnümizi açsyn» diýip gygyryşdy. Şimşony zyndandan getirip, onuň üstünden gülüp başladylar, masgaraladylar, soňra ony sütünleriň aralygynda duruzdylar.


Olar ýaňy bir ýazylyp-ýaýnanlarynda, galanyň azgyn adamlary jaýyň daşyny gabadylar. Gapyny ýumruklap, öýüň hojaýynyna: «Öýüňe gelen erkegi daşaryk çykar, biz ony zorlajak» diýip gygyrdylar.


Olar oturyp, bile iýip-içdiler. Aýalyň kakasy öz giýewsine: «Ýene bir gün gal, keýpiňi sazla» diýdi.


Ol adamyň özi, gyrnak aýaly we hyzmatkäri gitmekçi bolup ýerlerinden turanda, aýalyň kakasy giýewsine: «Seret, Gün ýaşyp, agşama golaýlap barýar. Bu gije-de bu ýerde ýatyň, dem-dynjyňyzy alyp, öýüňize ertir ir bilen turup gidersiňiz» diýdi.


Şeýlelikde, harmana baryp, gaýynenesiniň hemme tabşyranlaryny ýerine ýetirdi.


Ýarygije Bowaz tisginip oýandy, görse, aýagujunda bir aýal ýatyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan