6 Şeýlelikde, harmana baryp, gaýynenesiniň hemme tabşyranlaryny ýerine ýetirdi.
6 Шейлеликде, хармана барып, гайыненесиниң хемме табшыранларыны ерине етирди.
Ester öz milleti we maşgalasy barada hiç zat aýtmady, çünki Mordekaý bu barada dil ýarmazlygy oňa tabşyrypdy.
Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar.
Diňle, oglum, ataňyň nesihatlaryny, eneňiň öwütlerinden ýüz öwürme.
Eger buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň dostlarym bolarsyňyz.
Ejesi hyzmatkärlere: «Ol size näme diýse, şony hem ediň» diýdi.
Rut oňa: «Seniň ähli diýenleriňi aýdyşyň ýaly ederin» diýdi.
Bowaz iýip-içip, keýpini kökledi. Soň harmanyň gyrasyna ýatmaga gitdi. Rut bolsa assyrynlyk bilen gelip, onuň aýagujy tarapyndan ýorgany açyp, girip ýatdy.