Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Rut 3:13 - Mukaddes Kitap

13 Bu gije sen şu ýerde ýat, ertir ol saňa hossar çyksa çykar, bolmasa-da, men özüm saňa hossarlyk ederin, Rebbiň barlygynda muňa ant içýärin! Ertire çenli sen şu ýerde boluber» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Бу гиҗе сен шу ерде ят, эртир ол саңа хоссар чыкса чыкар, болмаса-да, мен өзүм саңа хоссарлык эдерин, Реббиң барлыгында муңа ант ичйәрин! Эртире ченли сен шу ерде болубер» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Rut 3:13
11 Iomraidhean Croise  

Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar.


Men sizi gynandyrmaýyn diýip, Korintosa dolanyp barmadym. Munuň hakykatdygyna Hudaý-da şaýatdyr.


Adamlar özünden beýik biriniň adyndan kasam edýärler. Kasam aýdylan zady tassyklap, ähli jedelleri çözýär.


Gidegon: «Olar meniň süýtdeş doganlarymdy. Rebden ant içýärin, eger siz olary öldürmedik bolsaňyz, men hem sizi öldürmezdim» diýdi.


Nagomy gelnine: «Wepalylygyny ölülerden, dirilerden gaýgyrmadyk Reb bu adamy ýalkasyn! Bu adam biziň garyndaşymyzdyr, iň ýakyn hossarlarymyzyň biridir» diýdi.


Dogry, menem hossaryňdyryn welin, ýöne saňa menden-de has ýakyn bir hossaryň bar.


Bowaz: «Eger-de sen Nagomynyň ýerini satyn alaýsaň, onda mowaply dul aýal Ruta öýlenmeli bolarsyň. Çünki Rutdan çaga dünýä inse, şol ýer çaganyň adyna geçer we öleniň ady dikeldiler» diýdi.


Ýaňky ýakyn hossary: «Men oňa eýe çykyp biljek däl, eger eýe çykaýsam, onda, öz mirasymy dagadaryn, ony sen alaý. Men beýle edip biljek däl» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan