Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Rut 2:9 - Mukaddes Kitap

9 Gözüň orakçylaryň orak orýan meýdanynda bolsun, sen olaryň yzyndan ýöre. Men öz adamlaryma saňa azar bermezligi tabşyrandyryn. Suwsan wagtyň hyzmatkärleriň dolduran küýzelerindäki suwdan içersiň» diýip tabşyrdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Гөзүң оракчыларың орак орян мейданында болсун, сен оларың ызындан йөре. Мен өз адамларыма саңа азар бермезлиги табшырандырын. Сувсан вагтың хызматкәрлериң долдуран күйзелериндәки сувдан ичерсиң» дийип табшырды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Rut 2:9
11 Iomraidhean Croise  

Hudaý Abymelege düýşünde şeýle diýdi: «Seniň muny päk ýürekden edendigiňi Men bilýärin. Seni Özüme garşy günä etmeklikden saklan Mendirin. Şonuň üçin seniň oňa el urmagyňa ygtyýar bermedim.


Maňa rehim ediň, eý, dostlarym, rehim ediň, maňa! Çünki Hudaý maňa el urdy.


Ol olaryň dileglerini bitirdi, emma üstlerine gyrgyn iberdi.


Ýakynynyň aýalyna ýanaşan hem şeýle bolýar; oňa el degren jezasyz galmaz.


Kim Meniň şägirdimiň hormaty üçin, bu pes saýylýanlaryň birine diňe bir käse sowuk suw berse-de, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz».


Indi bolsa siziň maňa: «Erkegiň aýala ýanaşmazlygy ýagşydyr» diýip ýazanlaryňyz barada aýtmakçy.


Biz Hudaýyň perzentleriniň günä etmeýändigini bilýäris. Hudaýyň Ogly olary goraýandyr, şeýtan olara el gatmaz.


Rut iki bükülip tagzym edip: «Meniň bir kesekidigime garamazdan, sen men barada näme beýle aladalanýarsyň? Saňa beýle ýakymly görünmegime näme sebäp boldy?» diýdi.


Bowaz Ruta: «Diňle, gyzym, hoşa çöplemäge başga ýere gitme. Bu ýerden aýrylma, biziň gelin-gyzlarymyzyň ýanynda bol.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan