Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Rut 2:6 - Mukaddes Kitap

6-7 Orakçylaryň ýolbaşçysy oňa: «Bu mowaply gelin. Ol Nagomy bilen Mowap ýurdundan gelen. Ol orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemek üçin menden rugsat sorady. Irdenki gelşinden tä şu wagta çenli hoşa çöpläp ýör, işiň aralygynda teläriň astynda diňe bir salym dynç aldy» diýip jogap berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6-7 Оракчыларың ёлбашчысы оңа: «Бу моваплы гелин. Ол Нагомы билен Мовап юрдундан гелен. Ол оракчыларың ызындан хоша чөплемек үчин менден ругсат сорады. Ирденки гелшинден тә шу вагта ченли хоша чөпләп йөр, ишиң аралыгында теләриң астында диңе бир салым дынч алды» дийип җогап берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Rut 2:6
10 Iomraidhean Croise  

Ybram: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen maňa näme berjek? Meniň heniz-de perzendim ýok. Hojalygym damaskly Eligezere miras galar.


Ybraýym öýüniň iň ulusyna, özüniň ähli işlerini dolandyrýan hyzmatkärine şeýle diýdi: «Eliňi uýlugymyň astynda goý-da, ogluma häzirki ýaşaýan ýerimdäki halkdan, Kengan gyzlaryndan gelinlik tapmajakdygyňa Gögüň we Ýeriň Hudaýy Rebden ant iç.


Şeýdip, Ýusup jenabynyň göwnüni tapyp, oňa hyzmat etdi. Ol Ýusuby bütin hojalygynyň üstünden baştutan edip belläp, öz eýeçiligindäki ähli zatlary onuň ygtyýaryna berdi.


Agşam düşen çagy, üzümçiligiň eýesi öz iş dolandyryjysyna: «Günlükçileri çagyr-da, iň soňkulardan başlap, ilkinjilere çenli haklaryny töle» diýýär.


Hojaýynyň sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?


Emma Rut: «Seni terk edip ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme. Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek. Sen nirede bolsaň, menem şol ýerde boljak. Seniň halkyň – meniň halkym, seniň Hudaýyň meniň Hudaýym bolar.


Şeýdip, olaryň ikisi-de Beýtullahama çenli ýöräp gaýtdylar. Olar Beýtullahama gelip ýetenlerinde, bütin gala herekete gelip, aýallar: «Bu Nagomymy?!» diýip, bir-birlerinden soraşdylar.


Şeýlelikde, Nagomy özüniň mowaply gelni Rut bilen Mowap ýurdundan yzyna gaýdyp geldi. Olar Beýtullahama arpa oragynyň başyna geldiler.


Bowaz orakçylaryň ýolbaşçysyndan: «Bu gelin kim?» diýip sorady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan