Orakçylaryň ýolbaşçysy oňa: «Bu mowaply gelin. Ol Nagomy bilen Mowap ýurdundan gelen. Ol orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemek üçin menden rugsat sorady. Irdenki gelşinden tä şu wagta çenli hoşa çöpläp ýör, işiň aralygynda teläriň astynda diňe bir salym dynç aldy» diýip jogap berdi.