Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Rut 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Ine, Bowaz Beýtullahamdan geldi. Ol orakçylara: «Reb siz bilen bolsun!» diýip ýüzlendi. Olar hem: «Seni-de Reb ýalkasyn!» diýip jogap berdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Ине, Боваз Бейтуллахамдан гелди. Ол оракчылара: «Реб сиз билен болсун!» дийип йүзленди. Олар хем: «Сени-де Реб ялкасын!» дийип җогап бердилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Rut 2:4
21 Iomraidhean Croise  

Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin».


Goý, Gudratygüýçli Hudaý seni ýalkap, örňedip, köpeltsin. Goý, Ol senden ençeme halklar döretsin.


Onuň ikinji ogly Salma bolup, ol Beýtullahamy esaslandyrypdy, üçünji oglunyň ady Harep bolup, ol Beýtgaderi esaslandyrypdy.


Men beýan edenimde öz ýollarymy, Sen maňa berdiň jogaby; öwret maňa Öz parzlaryňy.


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Çünki Reb ýagşy. Onuň adyna nagmalar aýdyň, çünki bu örän lezzetli.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olara öňki abadançylygyny gaýtaryp berenimde, olar Ýahuda ýurdunda we onuň şäherlerinde ýene-de şu sözleri aýdarlar: „Reb seni ýalkasyn, eý, dogrulyk mekany, eý, mukaddes dag!“


„Goý, Reb sizi ýalkap, Öz penasynda saklasyn!


Perişde onuň ýanyna gelip: «Salam, eý, ýalkanan gyz! Reb seniň bilendir!» diýdi.


Parahatlygyň gözbaşy bolan Rebbiň Özi size hemişe, her ýagdaýda parahatlyk bersin! Reb baryňyza ýar bolsun!


Hojaýynlary imanly bolan gullar: «Indi biz dogandyrys» diýip, öz hojaýynlaryna geleňsizlik etmesinler, tersine, öňküden-de yhlasly hyzmat etsinler. Sebäbi olaryň hojaýynlary imandaky eziz doganlary bolup, ýagşylyk edýändirler. Bularyň baryny öwret we ünde.


Reb saňa ýar bolsun! Onuň merhemeti siziň baryňyza ýar bolsun!


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


Rebbiň perişdesi oňa görnüp: «Eý, edermen urşujy, Reb seniň bilendir!» diýdi.


Reb oňa: «Men seniň bilen bolaryn. Sen ähli midýanlary emgenmän gylyçdan geçirersiň» diýdi.


Rut gidip, orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemäge başlady. Onuň tötänden giren ýeri Elimelegiň kowmyndan bolan Bowazyň ekin meýdany eken.


Bowaz orakçylaryň ýolbaşçysyndan: «Bu gelin kim?» diýip sorady.


Derwezäniň agzyna üýşen ýaşulular we beýleki adamlar Bowaza ýüzlenip: «Biz şaýatdyrys. Goý, Reb seniň öýüňe geljek aýaly Rahel we Leýa ýaly etsin! Ol ikisinden ysraýyl halky emele gelendir. Efrat urugynyň arasynda seniň döwletiň artyp, adyň Beýtullahama dolsun!


Dawut sözüni dowam edip: «Meni ýolbarsdyr aýynyň penjesinden halas eden Reb şu piliştliniň elinden hem halas eder» diýdi. Şawul Dawuda: «Bar, Reb saňa ýar bolsun!» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan