Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Rut 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Rut gidip, orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemäge başlady. Onuň tötänden giren ýeri Elimelegiň kowmyndan bolan Bowazyň ekin meýdany eken.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Рут гидип, оракчыларың ызындан хоша чөплемәге башлады. Онуң төтәнден гирен ери Элимелегиң ковмындан болан Бовазың экин мейданы экен.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Rut 2:3
10 Iomraidhean Croise  

Ýaş ýigit Dawuda şeýle jogap berdi: «Edil şol wagt men Gilboga dagyndadym. Men Şawulyň naýzasyna söýenip duranyny, duşmanyň söweş arabalarynyň we olary sürýän esgerleriň bolsa oňa golaýlaşyp barýandyklaryny gördüm.


Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»


Geýhazy Elýaşanyň ölüni direldişi barada gürrüň berip otyrka, Elýaşa tarapyndan ogly direldilen aýal patyşadan öýüniň we ýeriniň yzyna gaýtarylyp berilmegini soramaga geldi. Geýhazy hem: «Eý, jenap patyşam, ine, bu şol diýen aýalym bilen Elýaşanyň direlden oglany» diýdi.


Iki serçe bir teňňä satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Ataňyzdan rugsatsyz olaryň biri-de ýere gaçýan däldir.


Tötänlikde bir ruhany şol ýoldan barýarka, ol adamy görüp, ýoluň ol tarapy bilen geçip gidýär.


Şeýle adamlara gep-gürrüňsiz işlemegi we öz çöreklerini gazanmagy Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan tabşyryp ýalbarýarys.


Mowaply Rut Nagoma: «Men ekin meýdanyna gideýin, ol ýerde maňa öz yzyndan hoşa çöplemäge rugsat eden adam tapylsa, onuň yzyndan hoşa çöplärin» diýdi. Ol hem: «Gidiber, gyzym» diýdi.


Ine, Bowaz Beýtullahamdan geldi. Ol orakçylara: «Reb siz bilen bolsun!» diýip ýüzlendi. Olar hem: «Seni-de Reb ýalkasyn!» diýip jogap berdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan