Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Rut 2:13 - Mukaddes Kitap

13 Rut: «Meniň jenabym, sende rehim-şepagat tapaýyn. Men seniň gyrnagyň bolmasam-da, mylaýym sözleriň bilen öz gyrnagyň göwnüni göterdiň» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Рут: «Мениң җенабым, сенде рехим-шепагат тапайын. Мен сениң гырнагың болмасам-да, мылайым сөзлериң билен өз гырнагың гөвнүни гөтердиң» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Rut 2:13
15 Iomraidhean Croise  

Habarçylar Ýakubyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar: «Biz seniň doganyň Ysawyň ýanyna bardyk. Ol seni garşylamaga gelýär. Onuň ýanynda dört ýüz adam bar» diýdiler.


Şonda Ýakup oňa: «Ýok, beýtme. Eger men seniň göwnüňden turan bolsam, onda sen meniň sowgatlarymy kabul et. Men seniň ýüzüňi görüp, hut Hudaýyň ýüzüni gören ýaly boldum. Sen meni açyk ýüz bilen garşy aldyň.


Ysaw oňa: «Men hem öz adamlarymdan birnäçesini seniň ýanyňda galdyraýyn» diýdi. Emma Ýakup oňa: «Beýtmek nämä gerek? Jenabym maňa eýýäm ýeterlik merhemet etdi» diýip jogap berdi.


Ysaw Ýakupdan: «Men mal sürüsi bilen gelýän adamlara duşdum. Olary näme üçin iberdiň?» diýip sorady. Ýakup oňa: «Olary men sen jenabymyň göwnüni tapmak üçin iberdim» diýip jogap berdi.


Şekem gyza ýürekden aşyk boldy. Ol gyzy söýdi we onuň göwnüni tapjak bolýardy.


Gudratygüýçli Hudaýyň Özi size ol adamyň öňünde rehim etsin; belki, ol beýleki doganyňyzy-da, Benýamini-de goýberäýedi-dä. Çagasyz galmaly bolsam, goý, galaýyn».


Dawut patyşa: «Mepiboşediň ähli zady indi seniňki» diýdi. Siba: «Saňa tagzym! Özüňiz merhemet ediň, eý, şa hezretleri!» diýdi.


Rebden gorkmaklyk danalygy öwredýändir, hormat pes göwünlilikden soň gelýändir.


Şol gün Meni „Ärim“ diýip çagyrar. Mundan beýläk „Bagalym“ diýip çagyrmaz». Muny Reb aýdýandyr.


Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.


Soňra adamsy aýaly bilen ýaraşyp, ony getirmek üçin yzyndan ugrady. Onuň ýanynda bir hyzmatkäri bilen iki sany eşegi bardy. Aýaly adamsyny atasy öýüne saldy. Gaýynatasy ony güler ýüz bilen garşylap, öz öýünde saklady.


Eden ýagşylyklaryň Rebden gaýtsyn! Seniň pena tapynan Rebbiň, Ysraýyl Hudaýy sylagyňy bersin!» diýip jogap berdi.


Nahar wagty bolanda, Bowaz oňa: «Bärik gel-de, biraz nan alyp, şeraba batyryp iý» diýdi. Rut orakçylaryň ýanynda oturdy. Bowaz oňa gowurga uzatdy. Ol iýip doýdy, galanyny ýygnap goýdy.


«Öz gyrnagyňa merhemet et!» diýip, Hanna öz ýoluna gitdi. Soňra ol naharlandy. Ol indi gamgyn däldi.


Ol ýerinden turdy-da, dyza çöküp tagzym etdi we şeýle diýdi: «Keniziňiz jenabymyň gullarynyň aýagyny ýuwmaga-da taýyn».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan