Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Rut 2:10 - Mukaddes Kitap

10 Rut iki bükülip tagzym edip: «Meniň bir kesekidigime garamazdan, sen men barada näme beýle aladalanýarsyň? Saňa beýle ýakymly görünmegime näme sebäp boldy?» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Рут ики бүкүлип тагзым эдип: «Мениң бир кесекидигиме гарамаздан, сен мен барада нәме бейле аладаланярсың? Саңа бейле якымлы гөрүнмегиме нәме себәп болды?» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Rut 2:10
19 Iomraidhean Croise  

Ybraýym töweregine seredip, aňyrrakda üç kişiniň durandygyny gördi. Ybraýym olary gören badyna, garşylamak üçin çadyrynyň agzyndan olara tarap ylgady. Ol iki bükülip, olara tagzym etdi.


Kakamyň ähli garyndaşlary şa hezretleriniň öňünde öldürilmäge degişli bolup durka, men guluňyzy öz saçagyňyzyň başyndakylaryň arasynda oturtdyňyz. Şondan soň patyşa şikaýat etmäge näme hakym bar?»


Soňra Dawut gelip, Rebbiň huzurynda oturdy-da, şeýle diýdi: «Ýa Hökmürowan Reb, men kim, meni şeýle derejä ýetirer ýaly meniň maşgalam kim?


Mepiboşet oňa tagzym edip: «Men guluň öli bir it ahyryn, näme üçin sen maňa ýagşylyk edýäň?» diýdi.


Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ildeşiňiz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Sebäbi Men açdym – nan berdiňiz, teşnedim – suw berdiňiz, kesekidim – myhman aldyňyz,


Rebbimiň enesi meniň ýanyma geler ýaly, men nädip beýle ýalkandymkam?


Ol men pespäl gyrnagyna nazaryn saldy. Mundan beýläk ähli nesiller maňa bagtly diýerler.


Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen tüýs ýürekden söýüň. Biri-biriňizi hormatlap, başgalary özüňizden ýokary tutuň.


Bowaz oňa: «Seniň adamyň ölenden soň, öz gaýyneneňe eden ýagşylyklaryň barada hemme zat maňa mälim. Sen ene-ataňy, dogduk mekanyňy taşlap, hiç bir tanamaýan halkyň arasyna gelipsiň.


Rut: «Meniň jenabym, sende rehim-şepagat tapaýyn. Men seniň gyrnagyň bolmasam-da, mylaýym sözleriň bilen öz gyrnagyň göwnüni göterdiň» diýdi.


Gaýynenesi oňa: «Bu gün hoşany nireden çöplediň? Nirede işlediň? Sen barada aladalanan bu adamy Hudaý ýalkasyn» diýdi. Rut gaýynenesine kimiň ýanynda hoşa çöpländigini aýtdy. Rut: «Meniň bu günki hoşa çöplän ýerimiň eýesiniň ady – Bowaz» diýdi.


Mowaply Rut Nagoma: «Men ekin meýdanyna gideýin, ol ýerde maňa öz yzyndan hoşa çöplemäge rugsat eden adam tapylsa, onuň yzyndan hoşa çöplärin» diýdi. Ol hem: «Gidiber, gyzym» diýdi.


Gözüň orakçylaryň orak orýan meýdanynda bolsun, sen olaryň yzyndan ýöre. Men öz adamlaryma saňa azar bermezligi tabşyrandyryn. Suwsan wagtyň hyzmatkärleriň dolduran küýzelerindäki suwdan içersiň» diýip tabşyrdy.


Abygaýyl Dawudy görende, eşekden howlukmaç düşdi-de, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan