Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Rut 1:6 - Mukaddes Kitap

6 Nagomy öz gelinleri bilen Mowap ýurdundan gitmäge taýýarlanýardylar, sebäbi ol entek Mowap topragyndaka, Rebbiň Öz halkyna nazar salyp, çörek berendigini eşidipdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Нагомы өз гелинлери билен Мовап юрдундан гитмәге тайярланярдылар, себәби ол энтек Мовап топрагындака, Реббиң Өз халкына назар салып, чөрек берендигини эшидипди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Rut 1:6
27 Iomraidhean Croise  

Reb edil aýdyşy ýaly, Sara beren wadasyny berjaý etdi.


Ol soňra ant içip, şeýle diýdi: «Eger Hudaý meniň ýene-de sag-aman atamyň öýüne dolanyp gelerim ýaly, meniň bilen bile bolup, meni ýolda gorap, maňa iýmäge nan, geýmäge eşik berse, onda Reb meniň Hudaýym bolar.


Ysraýyl Ýusuba pata berip, şeýle diýdi: «Ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň nazarynda gezen Hudaýy, ömürboýy tä şu güne çenli maňa garaşyk edip gelen Hudaý,


Soňra Ýusup Ysraýylyň ogullaryna ant içirip, şeýle diýdi: «Hudaý size nazar salanda, siz meniň süňklerimi-de öz ýanyňyz bilen alyp gidiň».


Çünki niçik ýaradylandygymyzy Ol bilýär, biziň bir toprakdygymyz ýadyna düşýär.


Jomart, karz berýän ynsan gowudyr, ol işlerini adalatly ýola goýýandyr.


Rebbe şükür nagmalaryny aýdyň, Hudaýymyza lirada mukamlar çalyň!


Sen bar-da, ysraýyl ýaşulularyny bir ýere ýygna we olara ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigini we olaryň Müsürdäki hal-ahwallaryndan Meniň habarymyň bardygyny aýt.


Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler.


Galplygy, ýalan sözlüligi menden daş et, meni garyp hem, baý hem etme. Dok bolup: «Rebbim kim?» diýip, Seni inkär etmezim ýaly, garyplykda ogurlyk edip, Hudaýymyň adyna ysnat getirmezim ýaly, ýeterlik paýymy ber meniň.


Ýagşyň, garyň göklerden inip, ýeri suwaryp, ony önümli, hasylly edip, ekene tohum, çörek iýýäne çörek berýänçä, yzyna dolanmaýşy dek,


Çünki Reb şeýle diýýär: „Babyldaky sürgünligiňiziň ýetmiş ýyly dolanda, Men size nazar salaryn. Sizi bu ýere gaýtaryp getirmeklige beren hoş sözümi Men amala aşyraryn.


Reb jogap berip, diýdi halkyna: «Ine, Men size iberýän: gallany, şeraby, zeýtun ýagyny. Doýup-ganyp iýersiňiz olardan. Mundan beýläk milletler arasynda Men sizi etmerin indi masgara.


Ýahudanyň aman galanlary ýurdy eýelärler, olar örüde sürülerini otararlar, agşamyna Aşkelon şäherinde ýatarlar, Hudaýy Reb olary ýatlap, öňki abadançylyklaryny gaýtaryp berer.


Gündelik çöregimizi bize şu gün ber.


«Ysraýylyň Hudaýy Rebbe öwgüler bolsun! Çünki Ol Öz halkyna nazaryn salyp, halas etdi.


Olar seni weýran edip, seniň içiňdäki çagalary gyryp taşlarlar. Sende daş üstünde daş goýmazlar, sebäbi sen Hudaýyň saňa gelen pursadyny saýgarmadyň».


Şonuň üçin-de, iýjegimiziň, geýjegimiziň bardygyna şükür etmelidiris.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


ogullary Mahlon bilen Kilýon hem ölüp, Nagomy ogullaryndan hem adamsyndan mahrum boldy.


Olar öz ýaşaýan ýerlerinden çykyp, Ýahuda tarap, üç bolup ýöräp ugradylar.


Hawa, Hannany Reb ýene-de ýalkady: Hannanyň üç ogly, iki gyzy boldy. Şamuwel bolsa Rebbiň huzurynda ösüp ulalýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan