Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Rut 1:16 - Mukaddes Kitap

16 Emma Rut: «Seni terk edip ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme. Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek. Sen nirede bolsaň, menem şol ýerde boljak. Seniň halkyň – meniň halkym, seniň Hudaýyň meniň Hudaýym bolar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Эмма Рут: «Сени терк эдип яныңдан гитмеги менден хайыш этме. Сен нирә гитсең, менем шол ере гитҗек. Сен ниреде болсаң, менем шол ерде болҗак. Сениң халкың – мениң халкым, сениң Худайың мениң Худайым болар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Rut 1:16
23 Iomraidhean Croise  

Emma Ytaý Dawut patyşa: «Rebden hem-de şa hezretlerinden ant içýärin; ha ölüm bolsun, ha ömür – parhy ýok, şa hezretleri nirede bolsa, guluňyz hem şol ýerde bolar» diýdi.


Ol ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar, ýaýlary kül-owram edýär, naýzalary ikä bölüp taşlaýar, galkanlary ot-ýalynda ýandyrýar.


Ýakynyň seni hemme wagt söýýändir, dogan kynçylykly pursadyň üçin doglandyr.


Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler.


Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi.


Şonuň üçin hem men perman çykarýaryn: Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna garşy küpür geplän her bir halkyň, milletiň ýa-da urugyň el-aýagy çapylyp, öý-öwzary weýran ediljekdir. Çünki şunuň ýaly halas edip biljek başga hiç bir hudaý ýokdur».


«Seni Müsürden çykaran Hudaýyň Reb Mendirin. Menden başga hudaýy tanamaly dälsiň. Menden başga halasgär ýokdur!


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudylaryň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler».


Şonda Töwrat mugallymlaryň biri gelip: «Mugallym, Sen nirä gitseň, men hem Seniň yzyňa düşjek» diýdi.


Petrus Oňa: «Agam, näme üçin men Seniň bilen häzir gidip bilmerin? Men Seniň üçin janymy bermäge-de taýýar» diýdi.


Pawlus: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz? Men Iýerusalimde diňe el-aýagymyň baglanmagyna däl, eýsem, Rebbimiz Isanyň ady üçin ölmäge-de taýýar» diýip jogap berdi.


Gaýtam, olaryň özleri siziň bizi kabul edişiňiz barada gürrüň berýärler. Şeýle-de siziň butlardan ýüz öwrüp, Hudaýa tarap öwrülendigiňizi aýdyp berýärler. Siz indi hakyky, diri Hudaýa gulluk edýärsiňiz we Onuň ölümden direlden Ogly Isanyň göklerden gelmegine garaşýarsyňyz. Isa Mesih biziň ählimizi gelejekdäki gazapdan halas edýändir.


Biz bu ýere çozuş edenimizde, Reb bu ýerde ýaşaýan ähli amorlary biziň öňümizden kowup çykardy. Şonuň üçin biz hem Rebbe gulluk etjekdiris, sebäbi Ol biziň ýeke-täk Hudaýymyzdyr».


Bular ömürlerinde aýala ýanaşman, öz päkligini saklanlardy. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna eýerýänlerdi. Bular ynsanlaryň arasyndan azat edilip, ilkinji hasyl hökmünde Hudaýa we Guza bagyş edilenlerdi.


Nagomy oňa ýüzlenip: «Ine, seniň eltiň öz halkynyň içine, öz hudaýlaryna dolandy, senem onuň yzy bilen gidäý» diýdi.


Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» diýdi.


Orakçylaryň ýolbaşçysy oňa: «Bu mowaply gelin. Ol Nagomy bilen Mowap ýurdundan gelen. Ol orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemek üçin menden rugsat sorady. Irdenki gelşinden tä şu wagta çenli hoşa çöpläp ýör, işiň aralygynda teläriň astynda diňe bir salym dynç aldy» diýip jogap berdi.


Ol seniň durmuşyňy täzelär. Garranyňda, ol saňa arkadaýanç bolar. Seniň üçin ýedi oguldan hem artyk bolan bu gelniň saňa ogul dogrup berdi, ol seni söýýär» diýdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan