Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Rut 1:14 - Mukaddes Kitap

14 Olar ýene-de ses edip aglaşdylar. Orpa gaýynenesini ogşap hoşlaşdy, emma Rut Nagoma ýapyşdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Олар ене-де сес эдип аглашдылар. Орпа гайыненесини огшап хошлашды, эмма Рут Нагома япышды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Rut 1:14
22 Iomraidhean Croise  

Sen hatda maňa agtyklarymdyr gyzlarymy ogşamaga-da mümkinçilik bermediň. Sen akmaklyk etdiň.


Laban daň bilen turup, agtyklarydyr gyzlaryny ogşap, olara pata berip, öz mekanyna gaýtdy.


Tutuş goşun Iordan derýasyndan geçdi, patyşa-da geçdi. Ol Barzyllaýy ogşap, oňa pata berdi; Barzyllaý öz öýüne gaýtdy.


Elýaşa öküzlerini taşlap, Ylýasyň yzyndan ylgady. Elýaşa Ylýasa: «Men öňürti enem-atam bilen hoşlaşaýyn, onsoň seniň yzyňa düşeýin» diýdi. Ylýas oňa: «Bar, gidiber, ýöne sen meniň eden işimiň näme aňladýandygyny bilýänsiň» diýdi.


Ýakynyň seni hemme wagt söýýändir, dogan kynçylykly pursadyň üçin doglandyr.


Dosty köp bolanyň heläkçiligi-de bolar, ýöne dogandan-da ýakyn dost bar.


Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudylaryň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler».


Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir.


Onsoň Isa şägirtlerine ýüzlenip: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün.


Ýaş ýigit bu sözi eşidip, tukat bolup gitdi, sebäbi onuň mal-mülki köpdi.


Birnäçe adam oňa goşulyp iman etdi. Olaryň arasynda mejlis agzasy Diýonis, şeýle hem, Damara atly bir aýal we başga-da ençeme adamlar bardy.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.


Hudaýyňyz Rebbe wepaly bolanlaryňyzyň hemmesi bu gün diri.


sebäbi Dema bu dünýäni söýensoň, meni taşlap, Salonikä gitdi. Kriskis Galatýa, Titus hem Dalmatýa gitdi.


Biz imandan dänip, heläk bolýan däl-de, imanymyza sadyk bolup, halas bolýan adamlardandyrys.


olar kemala gelýänçä, siz garaşarmydyňyz? Olara durmuşa çykmak üçin siz başga äre barman saklanarmydyňyz? Ýok, gyzlarym, meniň ýagdaýym siziňkiden has agyr, çünki meniň garşyma çykan – Rebbiň hut Özi» diýdi.


Nagomy oňa ýüzlenip: «Ine, seniň eltiň öz halkynyň içine, öz hudaýlaryna dolandy, senem onuň yzy bilen gidäý» diýdi.


Olar öz ýaşaýan ýerlerinden çykyp, Ýahuda tarap, üç bolup ýöräp ugradylar.


Bowaz oňa: «Seniň adamyň ölenden soň, öz gaýyneneňe eden ýagşylyklaryň barada hemme zat maňa mälim. Sen ene-ataňy, dogduk mekanyňy taşlap, hiç bir tanamaýan halkyň arasyna gelipsiň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan