Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Rut 1:1 - Mukaddes Kitap

1 Ýurdy serdarlaryň dolandyrýan döwründe açlyk höküm sürýärdi. Ýahuda ýurdunyň Beýtullaham galasyndan bir adam aýaly we iki sany ogly bilen Mowap topragyna wagtlaýynça ýaşamaga gitdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Юрды сердарларың доландырян дөврүнде ачлык хөкүм сүрйәрди. Яхуда юрдуның Бейтуллахам галасындан бир адам аялы ве ики саны оглы билен Мовап топрагына вагтлайынча яшамага гитдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Rut 1:1
26 Iomraidhean Croise  

Kenganda gazaply açlyk başlandy. Şoňa görä, açlyk gutarýança, Ybram wagtlaýyn Müsüre gitdi.


Ýurda Ybraýymyň döwründäki ýaly başga bir açlyk düşdi. Yshak Gerara, piliştlileriň şasy Abymelegiň ýanyna gitdi.


Dawudyň döwründe üç ýyla çeken açlyk boldy. Dawut Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Şawulyň gan dökmegi onuň özüniň we nesliniň boýnunadyr, sebäbi ol gibgonlylary gyrgynçylyga berdi» diýdi.


Şeýdip, Ylýas Ahabyň ýanyna gitdi. Samariýada açlyk gaty gazaplydy.


Onuň ikinji ogly Salma bolup, ol Beýtullahamy esaslandyrypdy, üçünji oglunyň ady Harep bolup, ol Beýtgaderi esaslandyrypdy.


Beýtullahamy esaslandyran Salma netopalylaryň, Atrot Beýtýowabyň hem manahatlaryň ýarysy Sorga halkynyň atasydy.


Olar düşelgede Musa, Rebbiň ruhanysy Haruna görip boldular.


Gurakçylyk barada Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


«Eý, ynsan ogly! Bir ýurt dönüklik edip, Maňa garşy günä edende, oňa garşy elimi uzadyp, olary bir döwüm çörege zar ederin. Üstüne açlyk iberip, ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlaryn.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimdäki ynsanlary we haýwanlary ýok etmek üçin üstlerine dört agyr hökümimi: gylyç, açlyk, ýyrtyjy haýwanlar we mergi ýollanymda, olaryň ýagdaýy has çökder bolar.


Men siziň buýsanýan güýjüňizi syndyraryn. Gökden ýagyş ýagmaz we ýerleriňiz gatap, daşa döner.


Ähli şäherleriňizde açlykdan dişiňiziň kirini sordurdym, tutuş ýurduňyzy nana zar etdim, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


Meýdana köp tohum sepersiňiz, emma az hasyl alarsyňyz, çünki ony çekirtge iýip ýok eder.


Ýeftah aradan çykandan soň, beýtullahamly Ybsan Ysraýylda serdar boldy.


Ýahudanyň Beýtullaham galasynda bir ýigit ýaşaýardy. Ol lewi tiresindendi.


Ol ýaşamaga amatly bir ýer tapmak üçin Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan çykyp gitdi. Ol Efraýym daglygynda ýaşaýan Mikanyň öýüne geldi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan