Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 9:4 - Mukaddes Kitap

4 Şawul ýere ýykyldy. Şonda ol: «Şawul! Şawul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň?» diýen sesi eşitdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Шавул ере йыкылды. Шонда ол: «Шавул! Шавул! Нәме үчин Маңа азар берйәрсиң?» диен сеси эшитди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 9:4
22 Iomraidhean Croise  

Onsoň Rebbiň perişdesi oňa gökden: «Ybraýym! Ybraýym!» diýip gygyrdy. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.


Hudaýymyz Reb adamy çagyryp: «Sen nirede?» diýdi.


Reb Musanyň ýakynlaşyp gelýändigini görende, çalynyň içinden oňa: «Musa! Musa!» diýip seslendi. Musa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.


Soňra Rebbiň sesini eşitdim. Ol: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýdi. Men: «Ine, men; meni iber!» diýdim.


Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.


Çünki Hökmürowan Reb meni Öz şöhraty üçin iberdi. Sizi talan halklar babatda Ol şeýle diýýär: «Siona degen hut Meniň görejime degýändir.


«Bu jemagatyň arasyndan gyra çykyň, Men bulary bir demde ýok edeýin». Olar ýüzin ýykyldylar.


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Reb Isa oňa: «Wah, Marta, Marta! Sen köp zatlar barada aladalanyp başagaý bolýarsyň.


Isa olara: «Şol Mendirin» diýende, olar yza çekilip, ýere ýykyldylar.


Isa oňa: «Merýem!» diýdi. Ol hem Oňa tarap gaňrylyp seredip: «Rabbuni!» diýdi. (Bu arameýçe «Mugallymym» diýmekdir.)


Olar nahar edinip bolanlaryndan soň, Isa Simun Petrusdan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen Meni bulardan artyk söýýärsiňmi?» diýip sorady. Simun Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Guzularymy otlat» diýdi.


Edil şol pursatda ol aýal Petrusyň aýagyna ýykylyp, jan berdi. Ýigitler içeri girenlerinde, onuň ölendigini gördüler. Ony äkitdiler-de, äriniň ýanynda jaýladylar.


Ol: «Agam, sen kim?» diýip sorady. Oňa: «Men seniň azar berýän Isaň. Indi tur-da, şähere git, näme etmelidigiň saňa şol ýerde aýdylar» diýdi.


Hudaýyň mähribanlygy we berkligi barada oýlanyň. Ol ýykylanlar üçin berkdir, siziň üçin bolsa mähremdir. Eger siz Onuň mähribanlygyna bil baglasaňyz, Ol hem size mährem bolar. Eger bil baglamasaňyz, siz hem kesilip taşlanarsyňyz.


Beden bir bolsa-da, agzalary köpdür. Agzalary köp bolsa-da, olar bütewi bir teni emele getirýärler. Mesih babatda hem şeýledir.


Eýsem siz beýlekilerden üýtgeşikmi? Siz özüňizdäkileriň baryny Hudaýdan almadyňyzmy näme? Eger Ondan alan bolsaňyz, näme üçin özüňiz gazanan ýaly öwünýärsiňiz?!


Sebäbi biz Mesihiň bedeniniň agzalarydyrys.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan