Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 9:23 - Mukaddes Kitap

23 Ençeme günden soň, ýahudylar ony öldürmegiň maslahatyny etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 Энчеме гүнден соң, яхудылар оны өлдүрмегиң маслахатыны этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 9:23
14 Iomraidhean Croise  

Emma ýahudylar şäheriň ýokary mertebeli hudaýhon aýallaryny we at-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabyň garşysyna öjükdirdiler. Şeýlelikde, olary yzarlap, öz ýurtlaryndan kowup çykardylar.


Emma Antiýohdan, Ikoniýadan gelen ýahudylar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar we ölendir öýdüp, ony şäherden süýräp çykardylar.


Emma iman etmedik ýahudylar keseki milletleri bu iki resulyň üstüne küşgürip, imanlylara garşy olaryň aňyny zäherlediler.


Bular Rebbimiz Isa Mesihe gulluk etmek üçin janyny orta goýan adamlardyr.


Ol ýerde üç aýlap galdy. Soňra Siriýa gämili gitmekçi bolanda, ýahudylaryň özüne garşy duzak gurandygyny bilip, Makedoniýanyň üsti bilen yzyna dolanmak kararyna geldi.


Ertesi gün ýahudylar biri-birleri bilen dil birikdirip, Pawlusy öldürýänçäler, iýip-içmezlige kasam etdiler.


Meniň adym ugrunda nähili azap çekmelidigini Men oňa görkezerin» diýdi.


Şawulyň erk-ygtyýary bolsa gün-günden güýçlenýärdi. Ol Isanyň Mesihdigini subut etmek bilen, Damaskda ýaşaýan ýahudylaryň başyny çaşyrdy.


Men elmydama ýolda bolmak bilen, derýalarda howp-hatarlara uçradym; garakçylardan, öz ilimden, başga milletlerden ýaňa howp astynda gezdim. Şäherde, çölde, deňizde, dogansumaklaryň arasynda howp-hatarlara uçradym.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan