Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 9:11 - Mukaddes Kitap

11 Reb Isa oňa şeýle diýdi: «Tur, Dogry atly köçä bar-da, Ýudasyň öýünden tarsusly Şawul diýen adamy sora. Häzir ol doga-dileg edýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Реб Иса оңа шейле дийди: «Тур, Догры атлы көчә бар-да, Юдасың өйүнден тарсуслы Шавул диен адамы сора. Хәзир ол дога-дилег эдйәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 9:11
28 Iomraidhean Croise  

Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.


Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.


Isa oňa: «Sen Hudaýyň peşgeşini we özüňden suw diläniň kimdigini bilsediň, özüň Ondan suw dilärdiň, Ol-da saňa ýaşaýyş suwuny bererdi» diýdi.


Ol adam hem bize öýünde özüne görnen perişde barada gürrüň berdi. Perişde oňa: „Ýafo adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny getirt.


Onsoň Barnap Şawuly gözläp, Tarsusa gitdi.


Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar“.


Pawlus: «Men ýahudy, Kilikiýanyň Tarsus şäherinden, şol meşhur şäheriň raýatydyryn. Maňa halka söz sözlemäge ygtyýar bermegiňi haýyş edýärin» diýdi.


«Men ýahudydyryn. Kilikiýanyň Tarsus şäherinde doguldym, emma şu şäherde ulaldym. Bu ýerde Gamaliýeliň şägirdi bolup, ata-babalarymyzyň kanunynyň berk adatlaryna görä tälim aldym. Bu günki siziň bolşuňyz ýaly, menem Hudaýa juda yhlaslydym.


Indi toba edip, bu ýaman niýetiňden el çek-de, Rebbe ýalbar, belki, ýüregiňdäki bu niýetiňi bagyşlar.


Rebbiň bir perişdesi Filipe: «Tur, günorta tarap, Iýerusalimden Gaza barýan çöllük ýoldan git» diýdi.


Doganlar muny bilenlerinde, ony Kaýsariýa getirip, Tarsusa tarap ýola saldylar.


Olaryň içinden siz Hudaýyňyz Rebbi agtararsyňyz. Tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen gözleseňiz, siz Ony taparsyňyz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan