Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 9:10 - Mukaddes Kitap

10 Damaskda Isanyň Hanany atly bir şägirdi bardy. Reb Isa oňa görnüp: «Eý, Hanany!» diýdi. Ol hem: «Lepbeý, Rebbim!» diýip jogap berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Дамаскда Исаның Хананы атлы бир шәгирди барды. Реб Иса оңа гөрнүп: «Эй, Хананы!» дийди. Ол хем: «Лепбей, Реббим!» дийип җогап берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 9:10
23 Iomraidhean Croise  

Ybram esgerlerini toparlara bölüp, gije şalaryň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi. Soňra Ybram olary ýene Damaskdan demirgazykda ýerleşen Hobaha çenli kowdy.


Şol wakalardan soň Hudaý Ybraýymy synady. Hudaý oňa: «Ybraýym!» diýip seslendi. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.


Şonda düýşümde Hudaýyň perişdesi maňa: „Ýakup!“ diýip ýüzlendi. Men Oňa: „Lepbeý!“ diýip jogap berdim.


Emma Reb: „Men senden razy däl“ diýäýse, onda, ine, men; islänini edäýsin».


Reb Musanyň ýakynlaşyp gelýändigini görende, çalynyň içinden oňa: «Musa! Musa!» diýip seslendi. Musa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.


Soňra Rebbiň sesini eşitdim. Ol: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýdi. Men: «Ine, men; meni iber!» diýdim.


Soňra bu syr Danyýele gijeki görnüş arkaly aýan boldy. Danyýel Gögüň Hudaýyna alkyş aýtdy.


Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.


Bir gün öýlän sagat üçlerde Kornelä bir görnüş aýan bolup, öz ýanyna Hudaýyň bir perişdesiniň gelenini aýdyň gördi. Perişde: «Eý, Korneliý!» diýip seslendi.


«Ýafo şäherinde Hudaýa doga edip otyrkam, maňa bir görnüş aýan boldy. Men ýanyma uly saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan asylyp, gökden ýere inenini gördüm.


Petrus onuň yzyna düşüp, zyndandan daşary çykdy. Emma ol perişde arkaly bu bolýan zatlaryň hakykatdygyny bilmän, gözüne görünýändir öýdýärdi.


Pawlus bu görnüşi görensoň, Hudaý bizi olara Hoş Habary wagyz etmäge çagyrýar diýen netijä gelip, biz dessine Makedoniýa tarap ýola düşdük.


Şol gije Pawlus bir görnüş gördi. Makedoniýaly bir adam onuň garşysynda durup: «Makedoniýa gel, bize kömek et!» diýip ýalbardy.


Bir gije Reb görnüş arkaly Pawlusa şeýle diýdi: «Gorkma, geple, dymma!


„Hudaý şeýle diýýär: Ahyrky günlerde şeýle bolar, Men ähli ynsanlaryň üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz, düýşler görer garrylaryňyz.


Ol ýerde Hanany atly bir adam ýaşaýardy. Ol hudaýhon hem Mukaddes Kanuna berlendi, Damaskdaky ähli ýahudylaryň arasynda uly hormata eýedi.


Şawula bir görnüş aýan boldy. Görnüşde ol ýanyna Hanany diýen bir adamyň gelip, gözleriniň açylmagy üçin, üstüne ellerini goýandygyny gördi».


Üç günläp onuň gözleri görmedi, şol wagtyň dowamynda ol hiç zat iýip-içmedi.


Damask şäherinde Areta patyşanyň welaýat häkimi meni tussag etmek üçin, şäheri gözegçilik astynda saklaýardy. Emma meni sebede salyp, şäheriň diwaryndaky penjireden aşak salladylar. Şeýdip, onuň elinden halas boldum.


ýa-da menden öň resul bolanlary görmek üçin hatda Iýerusalime-de gitmedim. Men Arabystana gidip, soňra ýene Damaska dolandym.


Birden Reb: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ony çagyrdy. Şamuwel: «Lepbeý!» diýip seslendi-de, Eliýiň ýanyna ylgady. Ol baryp: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa: «Men seni çagyramok ahyryn, bar, ýatyber» diýdi. Şamuwel gidip ýatdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan