Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 8:7 - Mukaddes Kitap

7 Köp adamlaryň içinden arwah-jynlar batly gygyryşyp çykýardylar, köp sanly ysmaz we oturalar şypa tapýardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Көп адамларың ичинден арвах-җынлар батлы гыгырышып чыкярдылар, көп санлы ысмаз ве отуралар шыпа тапярды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 8:7
16 Iomraidhean Croise  

Agsaklar keýik kimin bökjeklärler, lal diller şatlykdan aýdym aýdarlar; düzden suwlar, çölden çeşmeler çogup çykar;


Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara arwah-jynlary kowmaga, her hili kesellere we dertlere şypa bermäge ygtyýar berdi.


Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.


Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.


Arwah-jyn gygyryp, oglany has beter silterledi-de, ondan çykdy. Oglan ölene meňzeýärdi, şonuň üçin ol ýerdäkileriň köpüsi: «Ol öldi» diýişýärdi.


Onsoň şol ýetmiş iki şägirt uly şatlyk bilen dolanyp gelip: «Eý, Agam! Seniň adyňy agzanymyzda, arwah-jynlar hem bize boýun bolýarlar» diýdiler.


Size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, hatda bulardan hem has beýik işleri bitirer. Sebäbi Men Atanyň ýanyna barýaryn.


Iýerusalimiň töweregindäki obalardan gelen mähelle-de hassalary we arwah-jynlardan ejir çekýänleri getirýärdi. Hassalaryň hemmesi şypa tapýardy.


Filipi diňläp, amala aşyran gudratlaryny gören mähelle onuň aýdanlaryna dykgat bilen gulak asdy.


Hudaýyň Özi hem alamatlar, mugjyzalar, her dürli gudratlar görkezmek bilen bu habary tassyklady we Öz islegine görä Mukaddes Ruhuň peşgeşlerini paýlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan