Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 8:5 - Mukaddes Kitap

5 Filip-de Samariýanyň bir şäherine baryp, olara Mesih barada wagyz etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Филип-де Самарияның бир шәхерине барып, олара Месих барада вагыз этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 8:5
18 Iomraidhean Croise  

Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


Ertesi gün biz ýola düşüp, birnäçe günden Kaýsariýa geldik we hoş habarçy Filipiň öýünde galdyk, ol saýlanan ýedi ýolbaşçynyň biridi.


Olar her gün ybadathananyň howlusynda we adamlaryň öýlerinde halka öwretdiler. Isanyň Mesihdigi baradaky Hoş Habary dyngysyz wagyz etdiler.


Bu pikir hemmäniň göwnünden turdy. Ilki bilen olar imany güýçli we Mukaddes Ruhdan doly bolan Stefany saýladylar. Şeýle-de Filipi, Prohory, Nikanory, Timony, Parmeni we antiýohly Nikolasy saýladylar. Nikolas öň ýahudy dinini kabul edendi, indi Isa ynandy.


Stefanyň öldürilmegini Şawul hem oňlady. Şol günden soň Iýerusalimdäki ýygnagy yzgytsyz yzarlamaga başladylar. Resullardan başga hemmeler Ýahudyýa we Samariýa sebitlerine dargadylar.


Rebbiň bir perişdesi Filipe: «Tur, günorta tarap, Iýerusalimden Gaza barýan çöllük ýoldan git» diýdi.


Filip ylgady-da, onuň Işaýa pygamberiň kitabyndan okaýan sözlerini eşidip: «Okaýan zatlaryňa düşünýärmiň?» diýip sorady.


Filip bolsa Aşdotda peýda boldy. Ol Kaýsariýa baryp ýetýänçä, ähli şäherlerde Hoş Habary wagyz etdi.


Filipi diňläp, amala aşyran gudratlaryny gören mähelle onuň aýdanlaryna dykgat bilen gulak asdy.


Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz etmäge başlady.


Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesihi wagyz edýäris. Mesih ýahudylar üçin büdreme daşydyr, ýahudy däller üçin bolsa akmaklykdyr.


Men siziň araňyzdakam, Isa Mesihden we Onuň haça çüýlenmeginden başga ähli zady unutmagy ýüregime düwüpdim.


Hiç kim eýýäm tutulan binýatdan, ýagny Isa Mesihden başga bir binýady tutup bilmez.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan