Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 8:3 - Mukaddes Kitap

3 Şawul bolsa ýygnagy dargatmaga başlady. Ol öýme-öý aýlanyp, aýal-erkek diýmän, imanlylary süýräp, zyndana dykýardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Шавул болса йыгнагы даргатмага башлады. Ол өйме-өй айланып, аял-эркек диймән, иманлылары сүйрәп, зындана дыкярды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 8:3
13 Iomraidhean Croise  

Onuň hojaýynlary gazanç umytlarynyň elden gidenini görüp, Pawlus bilen Silasy tutup, bazar meýdançasyna süýräp getirdiler.


Men: „Ýa Rebbim Isa, olar meniň sinagogadan-sinagoga aýlanyp, Saňa iman edenleri tussag edip ýenjenimi gowy bilýärler.


Ony şäherden daşary çykaryp daşladylar. Stefana garşy şaýatlar donlaryny çykaryp, Şawul atly bir ýigidiň aýagynyň astynda goýdular.


Emma takwa adamlar Stefany jaýlap, onuň üçin çuňňur ýas tutdular.


Muny eşidenleriň bary geň galyp: «Bu adam Iýerusalimde Isanyň yzyna eýerenlere azar beren adam dälmi? Ol bu ýere hem olaryň el-aýagyny daňyp, ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna äkitmäge gelmänmidi näme?!» diýişýärdiler.


Çünki men resullaryň arasynda iň kiçisidirin. Men hatda resul adyny almaga-da mynasyp däl, sebäbi Hudaýyň ýygnagyna azar beripdim.


Siz meniň ýahudylaryň dinindekäm ýaşan durmuşym barada eşidensiňiz: men Hudaýyň ýygnaklaryny güýçli yzarlap, olary ýok etmekçidim.


Din ugrundaky yhlas diýseňiz, imanlylar ýygnagyna azar berdim. Mukaddes Kanuna daýanýan dogrulyk diýseňiz, aýypsyzdym.


Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.


Emma siz garyplary masgara edýärsiňiz. Ýogsam size sütem edýän baýlar dälmi? Sizi kazyýete süýreýän hem şolar dälmi?


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan