Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 8:25 - Mukaddes Kitap

25 Petrus bilen Ýohanna şaýatlyk edip, Rebbiň Hoş Habaryny wagyz etdiler. Soňra olar Samariýanyň köp obasynda Hoş Habary yglan edip, Iýerusalime dolanyp geldiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

25 Петрус билен Ёханна шаятлык эдип, Реббиң Хош Хабарыны вагыз этдилер. Соңра олар Самарияның көп обасында Хош Хабары ыглан эдип, Иерусалиме доланып гелдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 8:25
14 Iomraidhean Croise  

Isa bu Onkilere şeýle buýruk berip, olary halkyň arasyna ýollady: «Keseki milletleriň arasyna gitmäň, samariýalylaryň hiç bir şäherine girmäň.


Sebäbi meniň bäş doganym bar. Bu gynalýan ýere düşmezleri ýaly, Lazar baryp şeýle ýeriň bardygyny olara duýdursyn“ diýýär.


Siz hem şaýatlyk edersiňiz, sebäbi başdan-aýak Meniň bilen bile bolduňyz.


Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


Häkim ýüze çykan wakany görüp, iman etdi, sebäbi ol Reb Isa hakyndaky taglymata haýran galdy.


Silas bilen Timoteos Makedoniýadan gelenlerinden soň, Pawlus tutuş wagtyny Isa hakdaky habary wagyz etmäge bagyşlady. Ol ýahudylara Isanyň Mesihdigi barada şaýatlyk etdi.


Men ýahudylaryň-da, grekleriň-de toba edip, Hudaýa dolanmaga we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmäge çagyrdym.


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Şonuň üçin indi şuny bilip goýuň: Hudaýyň halas bolmak baradaky Hoş Habary ýahudy dällere iberildi. Olar gulak asarlar».


Ol batyrgaýlyk bilen we hiç bir bökdençsiz Hudaýyň Şalygyny wagyz edip, Rebbimiz Isa Mesih barada öwretdi.


Filip bolsa Aşdotda peýda boldy. Ol Kaýsariýa baryp ýetýänçä, ähli şäherlerde Hoş Habary wagyz etdi.


Bu gysga hatymy size sadyk doganym Silwan arkaly ýazdym. Munuň bilen sizi ruhlandyryp, Hudaýyň hakyky merhemetine şaýatlyk etdim.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan