Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 8:12 - Mukaddes Kitap

12 Emma Filip Hudaýyň Şalygy we Isa Mesih baradaky Hoş Habary wagyz edende, adamlar oňa ynandylar. Aýal-erkek diýmän olaryň hemmesi Isanyň ady bilen suwa çümdürildi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Эмма Филип Худайың Шалыгы ве Иса Месих барадакы Хош Хабары вагыз эденде, адамлар оңа ынандылар. Аял-эркек диймән оларың хеммеси Исаның ады билен сува чүмдүрилди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 8:12
22 Iomraidhean Croise  

Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň.


Onsoň olary Hudaýyň Şalygyny wagyz etmäge we hassalara şypa bermäge iberdi.


Emma Isa oňa: «Goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler, ýöne sen git-de, Hudaýyň Şalygyny wagyz et» diýdi.


Isa ejir çekip ölenden soň, ençeme ynandyryjy deliller arkaly resullara direlendigini aýan etdi. Ol kyrk günüň dowamynda olara görnüp, Hudaýyň Şalygy barada gürrüň berdi.


Olaryň arasynda Kiprden we Kirineýden Antiýoha gelen käbir imanlylar bardy. Olar Reb Isa baradaky Hoş Habary ol ýerdäki başga milletlere-de wagyz etdiler.


Sinagoga baştutany Krispus tutuş öý-içersi bilen bile Rebbe iman etdi. Pawlusy diňlän ençeme korintoslylar hem iman edip, Isanyň ady bilen suwa çümdürildiler.


Olar muny eşidip, Reb Isanyň yzyna eýerijiler hökmünde suwa çümdürildiler.


Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz.


Şeýlelikde, onuň sözlerini şatlyk bilen kabul edenler suwa çümdürildi. Şol gün üç müňe golaý adam iman etdi.


Men ýahudylaryň-da, grekleriň-de toba edip, Hudaýa dolanmaga we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmäge çagyrdym.


Men araňyzda bolup, Hudaýyň Şalygyny wagyz etdim. Indi siziň hiç biriňiziň mundan beýläk meni görmejekdigiňizi bilýärin.


Ol batyrgaýlyk bilen we hiç bir bökdençsiz Hudaýyň Şalygyny wagyz edip, Rebbimiz Isa Mesih barada öwretdi.


Muňa garamazdan, Reb Isa iman edenlere goşulan erkekdir aýallaryň sany barha artýardy.


Çar ýana dargaşyp giden imanlylar Hudaýyň Hoş Habaryny ähli ýerde wagyz edýärdiler.


Çünki çyn ýürekden iman edýän adam aklanar, agzy bilen ykrar edýän hem halas bolar.


Ýöne her nähili bolsa-da, Rebbiň halkynyň arasynda aýal erkege, erkek-de aýala garaşlydyr.


Indi ýahudy däl bilen ýahudynyň, gul bilen erkin adamyň, erkek bilen aýalyň arasynda hiç bir parh ýokdur. Isa Mesihe degişli bolanyňyz üçin, indi baryňyz birsiňiz.


Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan