Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 8:10 - Mukaddes Kitap

10 Uly-kiçi hemme ony üns berip diňlärdi we ol hakda: «Beýik gudrat diýip atlandyrylýan Hudaýyň gudraty, ine, şudur» diýýärdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Улы-кичи хемме оны үнс берип диңләрди ве ол хакда: «Бейик гудрат дийип атландырылян Худайың гудраты, ине, шудур» диййәрдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 8:10
12 Iomraidhean Croise  

Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Onsoň goşun serkerdeleri, Kareýanyň ogly Ýohanan, Hoşaýanyň ogly Ýezanýa we uludan-kiçä ähli halk golaýa gelip,


«Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes gün görýär hile bilen.


Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes hile bilen gün görýär. Şonuň üçin aýallaryny başgalara, melleklerini talaňçylara bererin.


Nineweliler Hudaýa ynandylar. Olar uludan-kiçä hemmelere agyz beklemegi yglan etdiler.


Mähelle Pawlusyň eden işini görüp, likaoniýa dilinde: «Hudaýlar ynsan keşbinde biziň ýanymyza inipdirler!» diýip gygyryşdylar.


Adamlar onuň çişmegine ýa-da birdenkä ölüp ýykylmagyna garaşdylar. Emma köp garaşyp, oňa hiç zat bolmandygyny görenlerinde, pikirlerini üýtgedip: «Ol hudaýdyr!» diýişdiler.


Emma çagyrylanlar üçin: ýahudy ýa ýahudy däl, parhy ýok, Mesih Hudaýyň gudraty we danalygydyr.


Çünki siz akmaklara çydap, olara şeýle geçirimlimişiňiz-ä!


Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys.


Köp adamlar olaryň azgynçylykly ýörelgelerine eýererler, şolar sebäpli hakykat ýoluna dil ýetiriler.


Jandaryň kelleleriniň birine ölüm ýarasy salnan eken. Ýöne bu ýara bitdi. Bütin dünýä haýran galyp, jandaryň yzyna düşdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan