Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 7:56 - Mukaddes Kitap

56 Stefan: «Serediň, men gökleriň açylanyny we Hudaýyň sagynda duran Ynsan Ogluny görýärin» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

56 Стефан: «Середиң, мен гөклериң ачыланыны ве Худайың сагында дуран Ынсан Оглуны гөрйәрин» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 7:56
17 Iomraidhean Croise  

Kebar kanalynyň ýakasynda sürgün edilenleriň arasyndakam, gökler açyldy we men Hudaýdan gelen görnüşleri gördüm. Bu sürgünde bolýan wagtymyzyň otuzynjy ýylynyň dördünji aýynyň bäşine boldy.


Ynsan Ogly Öz şan-şöhratyna beslenip, ähli perişdeleri bilen geler-de, şöhratly tagtynda oturar.


Isa suwa çümdürilip çykan badyna gökler açyldy. Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi.


Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.


Isa suwdan çykyp gelýärkä, asmanyň ýarylanyny we Mukaddes Ruhuň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi.


Ähli halk suwa çümdürilip çykarylandan soň, Isa-da çümdürilip çykaryldy. Ol Hudaýa doga edýärkä, gökler açylyp,


Isa sözüni dowam edip: «Size dogrusyny aýdýaryn, indi siz gökleriň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň huzuryna inip-çykyşyny görersiňiz» diýdi.


Ol gögüň açylyp, ullakan saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan aşak ýere sallanyp gelýänini gördi.


Bu üç gezek gaýtalandy-da, saçak göz-açyp ýumasy salymda göge alyndy.


Şonda olar gulaklaryny ýapyp, hemmesi birden batly gygyryşyp, Stefanyň üstüne topuldylar.


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


Soňra men açylan gögi we ol ýerde duran bir ak aty gördüm. Aty münüp oturan Sadyk we Hakykat diýip atlandyrylýardy. Ol adyl höküm çykarýandyr we adalatly söweşýändir.


Şondan soň gökde bir açyk gapyny gördüm. Ilkibaşda meniň bilen gepleşen, surnaýyň sesine meňzeýän ses maňa: «Ýokary çyk, Men saňa mundan soň bolmaly zatlary görkezeýin» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan