Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 7:55 - Mukaddes Kitap

55 Emma Mukaddes Ruhdan dolan Stefan asmana seredip, Hudaýyň şöhratyny, Hudaýyň sagynda duran Isany gördi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

55 Эмма Мукаддес Рухдан долан Стефан асмана середип, Худайың шөхратыны, Худайың сагында дуран Исаны гөрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 7:55
27 Iomraidhean Croise  

Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüniň bosagasyndan aýrylyp, keruplaryň üstünde durdy.


Rebbiň şöhraty keruplaryň üstünden aýrylyp, Hudaýyň öýüniň bosagasyna gelip durdy. Hudaýyň öýi bulutdan doldy; howly bolsa Rebbiň şöhratynyň ýalkymyndan doludy.


Rebbiň şöhraty şäherden çykyp, şäheriň gündogaryndaky dagyň üstünde durdy.


Şeýlelikde, men turup, düzlüge gitdim. Ol ýerde Rebbiň şöhraty Kebar kanalynyň ýakasynda gören şöhratym ýalydy, men ýüzin ýykyldym.


Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň Ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn.


Reb Isa olara bulary gürrüň bereninden soň, göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy.


Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni göge dikip: «Eý, Ata, Meni eşideniň üçin Saňa şükür edýärin.


Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bu sözleri Ol hakda aýdypdyr.


Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra, ýene gelip, sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz.


Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar.


Şonda Petrus Mukaddes Ruhdan dolup, olara şeýle diýdi: «Eý, halkyň ýolbaşçylary we ýaşululary!


Mukaddes Ruh Stefana köp akyl-paýhas berdi, şonuň üçin olar Stefanyň aýdanlaryna garşy durup bilmediler.


Eý, doganlar, öz araňyzdan ýedi adamy saýlaň. Olar Mukaddes Ruhdan we akyl-paýhasdan doly, atly-abraýly adamlar bolsunlar. Bu hyzmaty şolara tabşyralyň.


Bu pikir hemmäniň göwnünden turdy. Ilki bilen olar imany güýçli we Mukaddes Ruhdan doly bolan Stefany saýladylar. Şeýle-de Filipi, Prohory, Nikanory, Timony, Parmeni we antiýohly Nikolasy saýladylar. Nikolas öň ýahudy dinini kabul edendi, indi Isa ynandy.


Hudaýyň merhemetinden we gudratyndan doly bolan Stefan halk arasynda ajaýyp mugjyzalardyr alamatlar görkezýärdi.


Çünki «Tümlükde nur parlasyn» diýen Hudaý biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp, Isa Mesihiň ýüzünde parlaýan Öz şöhratyny bize tanatdy.


Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.


Aýdýanlarymyzyň düýp manysy şundadyr: gökde beýik Hudaýyň sagynda oturan Baş Ruhanymyz bardyr.


Şan-şöhratly Hudaýdan Oňa: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn» diýen ses gelende, Ogul Atamyz Hudaýdan hormat we şöhrat kabul etdi.


Ol Hudaýyň şan-şöhratyndan dolup, bir juda gymmatbaha daş ýaly, buldurap duran ýaşma daşy ýaly parlaýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan